Soňky habarlar

Arhiw

"Turkmenportalyň" söhbetdeşi Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylagyna mynasyp bolanlar

22:0526.10.2017
0
3583

Mežnun Öräýew,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň alyp baryjysy:

— Bagtyýar döwrüň talyby hökmünde ýurdumyzyň ýaşlar ýaýlymynda okuwym bilen ugurdaşlykda zähmet çekmek, ýaşlaryň durmuşyna degişli gepleşikleri taýýarlamak maňa çäksiz bagt eçilýär. Paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi hem, ilkinji nobatda, türkmen ýaşlary üçin uly ähmiýete eýedir.

Yklym baýramçylygynyň geçirilen günlerinde «Ýaşlyk» teleýaýlymy oýunlardan gepleşikler toplumyny yzygiderli taýýarlap, öz tomaşaçylaryna ýetirdi. Ýaryşlarda ýeňiji bolan türkmenistanly we daşary ýurtly türgenleriň çykyşlaryna-da uly orun berildi.  Men hem şeýle söhbetdeşlikleriň birnäçesini guramaga gatnaşdym. Mahlasy, «Aşgabat 2017» biziň juwan gursaklarymyzda ýakymly ýatlama we žurnalistik işimizde örän ähmiýetli tejribe bolup galdy.

Bu gün bolsa Aşgabatda geçirilen sport baýramçylygynda gepleşikleri taýýarlamaga gatnaşan kärdeşlerimiň birnäçesi bilen birlikde maňa-da şa serpaýyna — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşanyna eýe bolmak bagty miýesser etdi. Ýapan şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň