"Turkmenportalyň" söhbetdeşi Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylagyna mynasyp bolanlar

22:0226.10.2017
0
2503

Mahym Oraznabatowa,

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy:

— Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän günlerinde maňa-da hormatly Prezidentimiziň ýörite Permany bilen ýadygärlik nyşanyna mynasyp bolmak miýesser etdi. Bu nyşan Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlen we oýunlaryň dowam eden günlerinde «Sport» teleýaýlymynda taýýarlan gepleşikler toplumymyz üçin berildi.

Ýurdumyzyň ýeke-täk sport ugurly teleýaýlymy bolmak bilen, «Sport» ýaýlymy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna giňden seslendi. Türkmen türgenlerine tälim berýän ýokary okuw mekdebiniň talyby hem-de bu ýaýlymyň wekili hökmünde şol gepleşikleri taýýarlamaga biz hem işjeň gatnaşdyk. Aziýa oýunlarynyň ýaryşlary ýaýlymda göni ýaýlym arkaly görkezildi. Ýeňijiler bilen taýýarlanan söhbetli görnüşler bolsa, şol günleriň sport ruhunyň üstüni ýetirdi.

Gowşurylan şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýaryn. Bu sylag — ýadygärlik nyşany türkmen sportunyň mundan beýläk hem pajarlap ösüşini wagyz etmekde bize täze ruh, ganat berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň