Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda halkara bilim we sport forumy geçiriler

12:3226.10.2017
0
4940

Türkmenistanda şy ýylyň 9-10-njy noýabrynda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna Ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň, bilim ulgamynda dünýä belli kompýuter we interaktiw tehnikasyny, lingafon enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny öndürýän hem-de olaryň programma üpjünçiligini taýýarlaýan, sport eşiklerini we esbaplaryny öndürýän kompaniýalaryň 30-a golaýy gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Türkmenistana forumda ýokary okuw mekdepleriň, öňdebaryjy bilim we sport edaralarynyň, beýleki ugurdaş hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary wekilçilik eder. Ylmy maslahata 27 ýurtdan alymlar gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň