Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker

11:5826.10.2017
0
7777

Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde taslamany makullap, degişli Buýruga gol çekdi.

Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlyga ygrarly bolmak bilen, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary yzygerli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, UNCTAD bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn üns berilýär.

BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy 1964-nji ýylda döredildi. 194 döwlet onuň agzasy bolup durýar, şeýle hem halkara guramalarynyň 114-si bu guramanyň işine synçy hökmünde gatnaşýar. Bu düzüm BMG-niň söwda we ösüş, maliýe, tehnologiýa, maýa goýum meseleleri babatda toplumlaýyn işleri alyp barýan utgaşdyryjy edarasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň