Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli 1600 tussagyň günäsini geçmek barada Permana gol çekildi

03:1426.10.2017
0
9885

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda daşar ýurt raýatlarynyň günäsini geçip, olar mundan beýläk çeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Bu kararlar beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmak maksatly kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň