«Balkan» Daşoguzda kösenýär

02:3024.10.2017
0
1033

«Turan» futbol boýunça milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynda iň aşaky basgançakda baryp, 25 oýundan bary-ýogy 4 utuk toplap bilen hem bolsa, şu ýyl öz meýdanynda güýçli garşydaşlarynyň biri bolan «Balkana» aňsat-aňsat per berenok. Demirgazyk welaýatyň wekili möwsümdäki utuklarynyň birini hem hut «Balkandan» alypdy. 10-nji tapgyrda Daşoguz şäherinde geçirilen duşuşygyň 25-nji minudynda Mämmedaly Karadanow «nebitçileriň» peýdasyna hasaby açan hem bolsa, Yhlas Nepesow 43-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňläp bilipdi. Duşuşyk bolsa 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy.

Bu gezek hem «Balkanyň» futbolçylary «Turanyň» derwezesine ýol tapyp bilmedi. Ahyrsoňy «demirgazyklylaryň» özleri myhmanlara «kömek etdiler». Ýer eýeleri Akper Aliniň öz derwesine geçiren pökgüsi bilen ýeňildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň