«Balkan» 40 utukly dördünji topar

02:2424.10.2017
0
917

Futbol boýunça milli çempionatymyzyň 28-nji tapgyrynda Daşoguz şäherinde ýerli «Turan» bilen duşuşan we ýer eýeleriniň wekili Akper Aliniň öz derwezesine geçiren pökgüsiniň netijesinde, 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan «Balkan» möwsümdäki 41-nji utugyny gazandy. Şeýlelikde, «nebitçiler» şu möwsümde 40 utuk gazanan dördünji topar boldular.

«Balkandan» öň 40 utugyň «serhedinden» «Ahal», «Altyn asyr» we «Şagadam» geçipdi. Ýaryş tertibinde 5-nji orny eýeleýän «Aşgabadyň» bolsa 24 duşuşykda 32 utugy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň