26 tapgyrdan soň gelen gol ýeňiş getirdi

02:2324.10.2017
0
1013

Futbol boýunça milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynyň 28-nji tapgyrynda Mary şäheriniň «Merw» futbol topary paýtagtymyzyň adybir toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini iň soňky sekuntlarda «Merwiň» tejribeli futbolçysy, jerime urgularynyň ussady Begenç Alamow 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi. Futbolçy mundan ozal çempionatyň 2-nji tapgyrynda tapawutlanypdy. Şol duşuşykda «Merw» öz meýdanynda «Köpetdagy» 4:1 hasabynda ýeňdi. Begenç Alamow bolsa toparynyň täze möwsümde öz meýdanyndaky ilkinji goluny geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň