Gazakow 10 golly bäşinji futbolçy

02:1924.10.2017
0
1224

Futbol boýunça milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynyň 28-nji tapgyryndaky «Şagadam» — «Energetik» duşuşygynda myhmanlaryň ýeke-täk golunyň awtory Pirmyrat Gazakow möwsümdäki gollarynyň sanyny 10-a çykardy. Şeýlelikde, ol şu möwsümde çempionatda 10 gol geçirip bilen bäşinji futbolçy boldy. Öň bu sepgide Wahyt Orazsähedow («Ahal»), Myrat Ýagşyýew («Altyn asyr»), Amir Gurbany («Şagadam») we Yhlas Magtymow («Balkan») ýetip bilipdi. Şu maglumatdan hem görşüňiz ýaly, çempionatymyzda 10 gol geçirip bilen futbolçylaryň her haýsynyň aýratyn toparyň wekili bolmagy birinjiligiň has gyzgalaňly, çekeleşikli geçýändiginden habar berýär.

Umuman, milli birinjiligiň 25-nji möwsümi Pirmyrat Gazakow üçin iň netijeli möwsümleriň biri boldy diýip bileris. Şu ýyl diňe çempionatda 10 gol geçirip bilen Pirmyrat geçen möwsümde ýekeje gezek hem tapawutlanyp bilmändi. P.Gazakowyň karýerasynda HTTU, «Aşgabat», «Merw» ýaly toparlar hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň