Soňky habarlar

Arhiw

Gurbany ýaryşdan çekilenok

02:1824.10.2017
0
982

«Şagadamyň» milli çempionatymyzyň şu möwsüminde şowly çykyş etmegine uly paý goşan hem-de garaşylmadyk ýagdaýda bombardirlik ýaryşyna goşulan Amir Gurbany soňky iki tapgyrda hem tapawutlanyp, gollarynyň sanyny 15-e çykardy. Ol indi öňdebaryjylar Myrat Ýagşyýew bilen Wahyt Orazsähedowdan bary-ýogy 2 gol yzda.

Täsin tarapy, Amir çempionatyň soňky iki tapgyrynda hem gollaryny 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi. 27-nji tapgyrda onuň «Balkanyň» derwezesine dürs geçiren 11 metrlik jerime urgusy hem janköýerleriň ýadyndadyr. Bombardirlik ýaryşynda özünden öňdäki iki bäsdeşine iki gola çenli ýakynlaşan A.Gurbany dördünji orundaky Rustam Mätryzaýewden («Merw») 4 pökgi öňde. Şol bir wagtyň özünde geçen ýyl «Altyn asyrda» çykyş eden Amir bu ýyl geçen möwsümdäkiden 5 esse kän gol geçirdi. Geçen ýyl onuň ýylyň dowamynda 3 goly bardy. Eger 2017-nji ýyl «Şagadamyň» şowly çykyş eden ýyllarynyň hatarynda taryha girse, bu üstünlikde Amiriň uly paýy bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň