Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga: ýaryş tertibinde her kim öz ornunda

02:1424.10.2017
0
1137

Türkmenistanyň futbol boýunça XXV milli çempionatynyň 28-nji tapgyyrnyň duşuşyklaryndan soňra, Ýokary liganyň ýaryş tertibinde toparlaryň eýeleýän orunlary üýtgemedi. Tapgyrda «Köpetdagdan» 4:1 hasabynda üstün çykan lider «Ahal» iň ýakyn bäsdeşi «Altyn asyrdan» 4 utuk ara açdy. Ýöne «aragatnaşykçylaryň» iki oýnunyň azdygyny hem ýatdan çykarmaly däl.

«Balkanyň» şu möwsümde 41-nji utugyny gazanmagy we toparyň möwsümde 40 utukdan geçen dördünji topar bolmagy tapgyryň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy. Öz meýdanynda «Aşgabatdan» üstün çykan «Merw» bolsa özünden bir basgançak ýokardaky, ýagny 6-njylykdaky welaýatdaşy «Energetik» bilen arany 2 utuga çenli ýygyrdy.

Milli çempionatymyzyň 28-nji tapgyryndan soňra, Ýokary liganyň ýaryş tertibi:

1. «Ahal» 25/59

2. «Altyn asyr» 23/54
3. «Şagadam» 25/48
4. «Balkan» 25/41
5. «Aşgabat» 24/32
6. «Energetik» 25/29
7. «Merw» 25/27
8. «Köpetdag» 25/23

9. «Turan» 25/4

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň