Ruslan Mingazow 42 günden soňra ýaşyl meýdana dolandy

02:1224.10.2017
0
1025

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we Çehiýanyň «Mlada Boleslaw» klubynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow 42 günlük arakesmeden soňra ýene-de ýaşyl meýdana dolandy. Ol 22-nji oktýabrda toparynyň «Zlin» kluby bilen myhmançylykda geçiren duşuşygynyň goşmaça minudynda (90+1) oýna çykdy.

Mälim bolşy ýaly, R.Mingazow Çehiýanyň häzirki çempiony «Slawiýa Pragadan» «Mlada Boleslawa» kärendä geçipdi. Täze topary bilen ilkinji duşuşygynda gol geçirip, janköýerleriň uly söýgüsine mynasyp bolan türkmenistanly ýarym goragçy hut şol duşuşykda şikes aldy. Şol günden — 10-njy sentýabrdan bäri hem Ruslan şikes sebäpli ýaşyl meýdana çykyp bilmedi. Ol 42 günlük arakesmede toparynyň birnäçe oýnuny, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bolsa Aşgabatda Singapur bilen geçiren duşuşygyny goýbermeli boldy.

22-nji oktýabrdaky duşuşykda myhmançylykda oýnan «Mlada Boleslaw» ýer eýelerini 5:1 hasabynda ýeňdi. Elbetde, bu duşuşygyň soňky minutlarynda oýna giren hem bolsa, ildeşimiziň gysga wagtda özüni dürsäp, janköýerlerini begendirjekdigine ynanýarys. Ruslan Mingazowy milli ýygyndyzyň 14-nji noýabrda Taýwan bilen geçirjek duşuşygynda görüp bileris. Ozalam habar berşimiz ýaly, bu duşuşykda gazanyljak ýeňiş türkmen futbolçylaryny taryhda ikinji gezek Aziýa çempionatyna çykarar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň