Soňky habarlar

Arhiw

Türkmneistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky kottežler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

12:4023.10.2017
0
15381

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Iki gatly kottež jaýlaryň we üç hem-de dört gatly ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň günorta künjegine boldy Bu ýerde medeni-durmuş maksatly hem-de häzirkiaman durmuş düzümi bolan desgalaryň täze toplumy emele geldi.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2015-nji ýylyň maý aýynda badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň şol ýylyň aprel aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýurdumyzyň Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesiniň gurluşyk kärhanalarynyň arasynda ähli amatlyklary bolan hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlaryny taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça ylalaşyk gazanyldy. Şäheri ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde Seýdi hem-de Mollanepes köçeleriniň ugrunda döwrebap binalar we düzümleýin desgalar guruldy.

Bu ýerdäki dört gatly kottež görnüşli ýaşaýyş jaýlarynda sekiz öý bolup, onuň eýwanyndan ýokarky gatlara basgançak we lift hereket edýär. Her gatda iki öý bolup, umumy eýeleýän meýdany 537,30 inedördül metr bolan öýlerde bäş otag bar. Öýlerde giň myhman otaglary (113,60 inedördül metr), 49,20 inedördül metr meýdany bolan aşhana, 44,40 inedördül metrden 61 inedördül metre çenli meýdanlary bolan dört sany ýatylýan otag we balkon bar. Her maşgala üçin hojalyk jaýlary göz öňünde tutulypdyr. Jaýlaryň arasynda çagalaryň oýun meýdançalary, telärler we tehniki binalar bar.

Üç gatly jaýlarda dört otagly alty öý bar. Her öýüň eýeleýän meýdany 476,40 inedördül metr bolup, olarda 44,20 inedördül metrden başlap, 80,40 inedördül meýdany bolan üç sany ýatylýan otag, 113,60 inedördül meýdany bolan aýratyn otag, aşhana we beýleki desgalar bar.

Umuman, bu toplumyň tutuş keşbi bir bitewi utgaşyklylygy emele getirýär. Täze jaýlaryň hemmesiniň umumy binagärlik usuly we ak mermerli keşbi bolup, kaşaň demir aýmançalar bilen gurşalypdyr. Köçäniň yşyklandyryş sütünleri jaýlaryň üçekleriniň reňki bilen utgaşýar.

Kottež jaýlar toplumynyň çäginde umumy meýdany 8,4 gektara barabar bolan seýilgäh guruldy. Olarda döwrebap yşyklandyryjylar, oturgyçlar, howuzly suw çüwdürimleri bar. Granit ýodajyklar we ýerasty geçelge guruldy. Mundan başga-da, şäheriň şu künjegindäki Seýdi we Mollanepes köçeleriniň durky düýpli täzelenildi. Olaryň umumy uzynlygy 1533 metr bolup, köçeleriň ini 12 metre barabardyr. Şeýle hem jaýlaryň aralarynda we ýanaşyk ýerlerinde köçeler çekildi. Umuman, bu ýerde 13 müň 572 metr uzynlygy bolan köçeler çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň