Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow «PES 2018-de»

16:1522.10.2017
0
2055

Dünýäniň elektron futbol oýunlarynyň iň meşhur iki oýnunyň biri bolan «PES-iň» 18-nji tapgyry, mälim bolşy ýaly, sentýabr aýynda köpçülikleýin ýaýradyldy. Oýnuň «Ýewropanyň beýleki toparlary» bölüminde Çehiýanyň «Slawiýa Praga» toparyna hem orun berlipdir. Şeýlelikde, «PES-iň» türkmenistanly muşdaklary oýunda milli ýygyndymyzyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazowy hem görüp bilmek mümkiniçligine eýe boldular.

R.Mingazow «Slawiýanyň» düzüminde sag gyragy ýarym goragçy hökmünde görkezilipdir. 26 ýaşly türkmenistanly futbolçynyň «güýji» bolsa 66. Şeýle hem Ruslanyň boýy 175 santimetr, topar bilen şertnamasy 2021-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli diýlip görkezilýär.

«PES-iň» mundan ozalky tapgyrlarynda biz Özbegistanyň «Nasaf» toparynyň düzüminde çykyş eden ildeşimiz Artur Geworkýany görüp bilipdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň