Soňky habarlar

Arhiw

28-nji tapgyr: ýeňiş getiren jerimeler

16:0722.10.2017
0
1191

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň Ýokary ligasynda 28-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berildi. Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol toparynyň dyçn alýan tapgyrynyň ilkinji gününde «Şagadam» «Energetigi», «Köpetdag» «Ahaly», «Merw» bolsa «Aşgabady» kabul etdi.

Mundan sanlyja gün ozal hut şu stadionda geçirilen duşuşykda «Energetigi» Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşdan çykaran «kenarlylar» bu gezekki duşuşygyň hem üstün tarapy boldy. Süleýman Muhadowyň ýyldyzlaşan duşuşygynda ýer eýeleri myhmanlary 3:1 hasabynda ýeňdi. «Şagadamyň» gollarynyň ikisi Süleýman Muhadowa degişlidir. Ol 15-nji we 18-nji minutlarda tapawutlandy. 58-nji minutda bolsa şu ýyl bombardirlik ýaryşyna goşulan Amir Gurbany 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby 3:0-a çykardy. «Energetik» bolsa derwezesine geçirilen 3 pökgä Pirmyrat Gazakowyň 60-njy minutdaky ýeke goly bilen jogap berip bildiler.

Paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşyk hem gyzykly boldy. Içeri işler ministrliginiň topary «Ahalyň» çempionlyga barýan ýoluna böwet bolup bilmedi. Gaýtam, Seýit Seýidowyň şägirtleri öz derwezesinde 4 pökgi gördüler. Süleýman Orazow, Didar Hajyýew ýaly tejribeli futbolçylaryň baş rolda çykyş eden duşuşygynda hasap 15-nji minutda açyldy. Duşuşygyň ilkinji goluny «Ahalyň» merkezi ýarym goragçysy Süleýman Orazow geçirdi. Şondan ýene 15 minut soňra kapitan Didar Hajyýew 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, hasaby myhmanlaryň peýdasyna 2:0-a çykardy. 45-nji minutda Süleýman Orazow ýene bir gezek sahna çykdy we hasap 0:3. Emin birinji ýarymyň jemleýji jürlewügini çalmanka, «Köpetdagyň» futbolçylary umyt goluny geçirmegi başardylar. Ýöne Öwezbaý Annagulyýewiň geçiren bu goly diňe «umytlygyna» hem galdy. «Ahalyň» ýaş hüjümçisi Begenç Akmämmedowyň 75-nji minutda geçiren goly bilen myhmanlar 1:4 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Mary şäherinde geçirilen duşuşykda «Merw» Begenç Alamowyň 11 metrlik jerime urgusyndan «Aşgabady» 1:0 hasabynda ýeňdi.

Tapgyryň ikinji gününde «Turan» «Balkany» kabul edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň