Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakobdan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Dostlukly döwletiň ýolbaşçysy ýakynda Aşgabatda Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi mynasybetli gutlamaga rugsat ediň diýlip belleýär.
Şeýle hem hatda Singapur bilen Türkmenistanyň arasynda netijeli hem-de dostlukly gatnaşyklaryň dowam edýändigi bellenilýär we geljekde hem iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň köp ugurlar boýunça has-da pugtalandyryljakdygyna hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirilýär.