Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda “Ahal” “Şagadam” bilen duşuşar

01:4021.10.2017
0
9225

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň jogap ýarym final duşuşyklary geçirildi. Paýtagtymyzda «Altyn Asyr» «Ahala» garşy duşuşyga diňe ýeňiş gazanmak üçin çykdy. Çünki ilkinji ýarym final duşuşygy 1:0 hasabynda «Ahalyň» peýdasyna tamamlanypdy. Ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolan oýun çekeleşikli geçdi. Emin toparlaryň hersiniň derwezesine bir 11 metrlik urgy belledi. Ýöne toparlaryň hiç birine tapawutlanmak başartmady. Derwezeçileriň dürs oýny duşuşygyň 0:0 hasabynda tamamlanmagyna getirdi.

«Şagadam» bilen «Energetigiň» arasyndaky ikinji ýarym finalda kenarýaka futbolçylar ýeňiş gazanar diýlip çaklanylýardy. Çünki olar ilkinji ýarym finalda garşydaşlaryny myhmançylykda 0:2 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdiler. Ikinji duşuşygy hem ynamly başlan «Şagadam» 19-njy minutda ezber hüjümçi Süleýman Muhadowyň dürs urgusyndan soň öňe saýlanmagy başardy. Şondan soň azda-kände arkaýynlaşan ýer eýeleri iki topy derwezelerinden çykarmaly boldular. «Energetigiň» netijeli urgularyny Meýlis Rizaýew (45) bilen Pirmyrad Gazakow (55) öz atlaryna ýazdyrdylar. Şondan soň hüjümlerini has-da artdyran «Energetik» ýeňşe örän ýakyn geldi. Ýöne 90+3-nji minutda Myrat Hemraýewiň derwezä geçiren goly netijesinde hasap deňlendi — 2:2.

 28-nji oktýabrda geçiriljek finalda «Ahal» bilen «Şagadam» duşuşar. Türkmenistanyň Kubogyny eýelän toparyň täze ýylda AFK-nyň kubogyna gatnaşmaga mümkinçilik alýandygyny ýatladýarys. Eger-de, Kubok ugrundaky ýaryşda ýeňiş gazanan topar milli çempionatymyzy hem birinji orunda tamamlasa, onda AFK-nyň kubogyna çempionatda ikinji orna mynasyp bolan topar gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň