Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň taýýarlaýyş bölümlerine “ak altynyň” 1 million tonnadan gowragy tabşyryldy

10:5020.10.2017
0
3805

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ýygym möwsümi şanly sepgide ýetdi. Ýurdumyzyň taýýarlaýyş bölümlerine “ak altynyň” 1 million tonnadan gowragy tabşyryldy.

Pagtaçylaryň bu üstünligi ähli oba hojalykçylaryň birleşen tagallalarynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, obasenagat toplumynyň sebitleýin esasda ýöriteleşdirilmegi, ekerançylyga bazar gatnaşyklary usullarynyň meýilnamalaýyn ornaşdyrylmagy we başga-da birnäçe ugurlar Türkmenistanyň häzirki zaman oba hojalyk syýasatynda täze mana we anyk mazmuna eýe boldy.

“CLAAS”, “John Deere” ýaly belli kompaniýalaryň, Daşkendiň oba hojalyk tehnikalary kärhanasynyň pagta ýygyjy kombaýnlary we beýleki tehnikalary ýurdumyzyň meýdanlarynda netijeli hereket edýär. Tehnikalary gurnaýjylaryň we inžener-işläp taýýarlaýjylaryň tagallasy netijesinede olar ýyl-ýyldan kämilleşdirilýär, öndürijilik güýji, dolandyryş oňaýlylygy ýokarlandyrylýar.

Häzirki döwurde ýurdumyzyň pagta meýdanlarynda welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we ykdysady taýdan amatly hasaplanylýan Özbegistanda öndürilen “MX-1,8” kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 500-si bökdençsiz hereket edýär.

Şu günler pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Her günde “ak altyn” tonnalary kabul ediş bölümlerine gelip gowuşýar. Indi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylyk derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagynyň bähbidine ýurdumyzyň pagta baýlygyny artdyrmak boýunça ekerançylaryň öňünde goýan şu ýylky wajyp wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek üçin sazlaşykly we öndürijilikli zähmet arkaly ýygymyň depginini ýokarlandyrmak esasy wezipe bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň