Aşgabatda “Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi

10:1919.10.2017
0
3066

18-nji oktýabrda Aşgabatda “Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilýän maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy.

Maslahatda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan bäştaraplaýyn resminamalaryň, hususan-da, söwda-ykdysady hem-de ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň gutarnykly işlenilmegine aýratyn üns berildi. Bu resminamalar 2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda beýan eden tekliplerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen “Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk hem-de halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat Hazar deňzini dostlugyň we ylalaşygyň deňzine öwürmäge hem-de bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar bolan Hazarýaka döwletleriň gatnaşyklarynyň netijeli boljakdygyny görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň