TDÇA-nyň uçurymynyň täsin küşt eseri döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

14:2718.10.2017
0
100
TDÇA-nyň uçurymynyň täsin küşt eseri döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda "Aşgabat 2017-ä" bagyşlanyp geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi, Daşaguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy Sähra Ataýewa bir ýarym ýyldan gowrak wagtda, irginsiz zähmetiň astynda döreden "Küşt" keramika eseri barada, ine, şeýle gürrüň berýär: - Aşgabat Aziadasyny her kim öz ukyp-başarnygyna görä wasp edýär. Meselem, bagşy aýdymda, şahyr goşguda, suratkeş suratda...taryp edişi ýaly, men hem öz gezegimde sportuň küşt görnüşindäki mallary dekoratiwleşdirip, ýagny sungat diline salyp, size ýetirmekligi makul bildim. Küşt sportunyň düzgünine görä, oýnuň 32 sany mallary bolup, ondaky ak we gara taraplary täzeçe işläp, esasy maksat - türkmene mahsus milli aýratynlyklar we reňk çözgüdi bolup durýar. Bilşimiz ýaly, küşt tagtasynda birnäçe mallar hereket edýär. Meniň hem işimdäki her bir malda öz döwrüniň fenomeni bolan türkmen gahrymanlary şekillendirilýär. Şa - onuň keşbinde türkmen serkerdeleriniň biri bolan Togrul begiň täç geýip, toý lybasynda duran pursady şekillendirilen. Lybasdaky guşak esasy alamat bolup, ondaky bezeg şaýlaryň sany boýunça eýesiniň jemgyýetde tutýan orny kesgitlenilýär. Gynyna salnan jöwher pyçagy bolsa, eýesiniň hökmürowanlygynyň nyşany. Ferz - munda milli şaý-sepler bilen bezelen türkmen zenanynyň keşbini şekillendirdim. Pil - bu küştde esasy mallaryň biri bolmak bilen, gujur-gaýratyň, beýikligiň nyşany. At - muňa çaýan täzeçe röwüşim -milli at şaý-sepleri bilen bezemekligimden ybarat. Ruh - bu maldaky esasy aýratynlyk, ony gadymy ýadygärliklerimiz bolan gala we minara görnüşinde berip, arhitektura bezegleri bilen baýlaşdyrmagymdyr. Pyýada - munda bolsa, ähli söweş esbaby bolan, ýagny goragda duran türkmen ýigidiniň keşbini şekillendirdim. Bu işimi ýerine ýetirmeklik üçin arassa toýundan peýdalandym. Ilki bilen şekilleriň modelini, galyplaryny taýynlap, soňra galyplara salyp, ýelmemek we çyzmak arkaly bezeg işlerini amala aşyrdym. Soňra ak reňkli angop bilen reňkläp, guransoň peçde 800°C gyzgynlykda bişirdim. Bişip çykanyndan soň, ýaşyl we goňur syrça bezegleri bilen reňkläp, nagyş bezegleri has öňe çykar ýaly görnüşe getirdim. Işi doly reňksiz syrça bilen reňkläp, peje ýerleşdirdim we 950°C gyzgynlykda 8 sagadyň dowamynda bişirdim. Netijede, birnäçe taryhy çeşmelere esaslanan keramika eserim, özüniň oňyn netijesini berdi diýip hasap edýärin.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň