"Aşgabat 2017" türkmen halysynda-da janlanýar

15:0317.10.2017
0
76
    "Aşgabat 2017" türkmen halysynda-da janlanýar
Aşgabat Aziadasyna bagyşlanyp geçirilen bäsleşikde ýeňişli basgançagy eýelän "Aşgabat 2017" atly halyny dokan zenan Enegül Allanurowa bilen söhbetdeşlik: - Enegül gelneje, ilki bilen sizi gazanan ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Mümkin bolsa, köpleriň ünsüni özünde jemlän "Aşgabat 2017" halyňyzyň aýratynlygy barada aýdyp beräýseňiz? - Sag boluň! Taryhyň altyn sahypalaryna ýazylan "Aşgabat 2017-niň" waspyny türkmen halymyzda ýetirmekligi özüme makul bildim. Şeýlelikde, 4 inedördül metrden gowrak bolan halymyzyň aragöllerinde Aziada oýunlaryna girýän sportuň 21 görnüşini şekillendirdik. Guşly göl bolsa, her hatarda 17 sany bolup, ol oyunlaryň 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrda başlaýanlygy bilen baglanyşykly. - Tüweleme, şeýle täsin hala näçe wagt we näçe adamyň zähmeti siňdi? - Biz bu halyny Türkmenistanyň Milli muzeýinde iki halyçy bilen 3 aýdan gowrak wagtda dokadyk. Elbetde, haly diýlen zat, diňe dokanyň bilen bitenok. Ony öňünden taslamaly, çyzgysyny çyzmaly. Bular babatda bolsa, birnäçe işine ussatlar bilen maslahatlaşdyk. - Köpwagtky zähmetiň miwes-ä başgaça bolsa gerek? - Elbetde, ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, "Adamdan diňe bitiren işi galýar". Umuman, bu halyda meniň geçmişe bolan buýsanjym, şu güne bolan ynamym, geljege bolan umydym bar. - Enegül gelneje, halynyň reňki babatda köplerde gyzyklanma dörän bolsa gerek. Ata-baba dowam edip gelýän milliligimize täze öwüşgin çaýylsa bolar-a, ýagny reňkini gyzyl däl-de, has döwrebaplaşdyryp, gök, ýaşyl, mele...edip bolmazdymy? - Bolmajak zat barmy, nä? Bu öz eliň hünäri ahyry. Ýöne meniň maksadym - "Aşgabat 2017-de" türkmen milliligini ýaýmakdan ybaratdy. Hem-de, haly bir uly sungat eseri. Sungat bolsa, ählitaraplaýyn sazlaşygy talap edýär. Diýjek bolýanym, şu halyda ýerleşdirilen göllere, olaryň aňladýan manylaryna gyzyl reňkiň kybapdygyny dogry hasaplaýaryn. - Ajaýyp söhbetdeşlik üçin size minnetdar, gelneje! Kesbiňizden kemal tapmaklygyňyzy arzuw edýäris!

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň