"Aşgabat 2017-ä" bagyşlanyp geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi

12:1717.10.2017
0
89
    "Aşgabat 2017-ä" bagyşlanyp geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi "Aşgabat 2017" mynasybetli, 27-nji iýunda döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasyny kabul etdiler. Bäsleşik 4 ugurdan ybarat bolup: 1. V Aziýa oýunlary hakyndaky iň gowy publisistik makalalar, hekaýalar, goşgular, oçerkler; 2. V Aziýa oýunlary hakyndaky iň gowy nakgaşçylyk (surat çekmek) işleri; 3.V Aziýa oýunlary hakyndaky iň gowy amaly-haşam sungaty eserleri (zergärçilik, haly, gobelen, el işleri); 4. V Aziýa oýunlary hakyndaky iň gowy heýkeltaraşlyk we keramika işleri - ýaly ugurlary özünde jemleýär. Bu bäsleşik hakyndaky bildirişler "Zenan kalby" žurnalynda, "Türkmenistan", "Watan" gazetlerinde çap bolup, şol günden güýje girdi. Netijede, bäsleşige 146 sany dalaşgäriň 400-den gowrak işi hödürlenilip, olardan: 1-nji ugur boýunça: I orna - Italmazow Agageldi Jumageldiýewiç (Belentliklerden sport baýramyna çagyryş (makala)); II orna - Törekulow Arslan (Asman atlary (hekaýa)); III orna - Akmyradow Silgeldi (Arkadag gelýär (goşgy)); 2-nji ugur boýunça: I orna - Kanyýew Maksatmyrat Kakamyradowiç; II orna - Baljan Pälwanowa, III orna - Zarlykow Beggeldi; 3-nji ugur boýunça: I orna - Allanurowa Enegül (haly); II orna - Çaryýewa Aýjemal (zergärçilik); III orna - Gurbanowa Jumagül (amaly-haşam, Awaza); 4-nji ugur boýunça: I orna - Ataýewa Sähra Tirkeşowna (küşt); II orna - Atabaýew Akmyrat Rejepgeldiýewiç (at); III orna - Abaşow Dawut Orazgeldiýewiç (pälwan) - dagylar mynasyp bolup, ýeňijilere TKA- nyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hormat hatlary hem-de, 1-nji orny eýelänlere 1000 manat, 2-nji orny eýelänlere 700 manat, 3-nji orny eýelänlere bolsa, 500 manat pul baýraklary gowşuryldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň