Akjagül Nurgeldiýewa: "Maksadymyz - türkmen ylmyny dünýä derejesine götermek"

11:3817.10.2017
0
130
Akjagül Nurgeldiýewa: "Maksadymyz - türkmen ylmyny dünýä derejesine götermek"
TYA-nyň Arhelogiýa we etnografiýa institutynda geçen "Berkarar Watanym, jan Türkmenistan!" atly ylmy maslahaty alyp baran, şol institutyň uly ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty, TYA-nyň Zenanlar guramasynyň başlygy Akjagül Nurgeldiýewa şeýle gürrüň berýär: - Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Häzirki wagtda hem türkmen halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk toýuna taýynlyk görýär. Munuň şanyna her bir pudakda amaly maslahatlar, çäreler yzygiderli geçirilip dur. Bu günki gün hem Ylymlar akademiýanyň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda uly maslahat geçirilip, çykyşlarda ýurdumyzda ylmyň ösüşi, onuň ýeten sepgitleri, häzirki jemgyýetimizde zenanlaryň orny öz beýanyny tapýar. "Berkarar Watanym, jan Türkmenistan!" atly ylmy maslahatymyzda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy Orazgül Eýeberdiýewa, TYA-nyň Tehnologiýalar Merkeziniň bölüm müdiri Jeren Sylapowa, "Ahal durmuşy" welaýat gazetiniň bölüm redaktory Dursun Tekäýewa, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri Jemile Orazowa, TYA-nyň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň ýetginjekler lukmany Gülälek Orazowa, TYA-nyň Taryh institutynyň aspiranty Abadan Begmyradowa dagylar çykyş edip, olar häzirki zaman jemgyýetinde zenan mertebisiniň belentliligi, halkymyzyň ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gidýänligi barada giňden bellenip geçdiler. Elbetde, islendik ýurduň ýeten sepgitleriniň aglabasyny ýaşlar bilen baglanyşdyrýarlar. Munuň üçin ylym ulgamynda hem alymdyr professorlarymyzyň birnäçe ýyllyk zähmetiniň miwesi bolan ylmy nazaryýetleri, amalyýetleri ýaşlarymyzyň bu ugurda gözýetimleriniň has giňäp, öz maksat edinen işleriniň oňyn netije bermegine iterýär. Geljekde-de, üstünde işleýän ylmy işlerimiziň, açyşlarymyzyň badyny gowşatman, Türkmenistan ýurdumyzyň ylym pudagyny mundan-da beýläk dünýä ýaýjaklygymyzy halkymyza, Gahryman Arkadagymyza ynandyrýarys!

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň