Soňky habarlar

Arhiw

Eneleriň we çagalaryň saglygyna goramaga bagyşlanan maslahat geçirildi

10:4217.10.2017
0
2544
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň "Berkarar döwletiň bagtyýar eneleri we çagalary" atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda Lukmançylyk uniwersitetiniň professor mugallymlary, merkeziň lukmanlary, talyp ýaşlar we ylmy işgärler çykyş edip, onda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak baradaky derwaýys meseleler öz mynasyp ornuny tapdy. Galyberse-de, şu ugurdaky gazanylan üstünlikler maslahatda çykyş edenleriň sözlän sözleriniň düýp özenini düzdi. Çünki häzirki wagtda eneler we ýaş çagalar barada edilýän aladalar bimöçber bolup, olar üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Maslahatyň çägindäki ylmy çykyşlar hem ýokary derejede bolup, ol geljekde ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi baradaky meseleleri öz goýnunda jemleýär.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň