Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň jogap duşuşyklary geçiriler

10:4716.10.2017
0
108
Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň jogap duşuşyklary geçiriler

Şu gün Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherinde futbol boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň jogap duşuşyklary geçiriler. Mälim bolşy ýaly, 28-nji oktýabrda "Köpetdag" stadionynda oýnaljak final duşuşygy üçin "Ahal" bilen "Altyn asyr" hem-de "Şagadam" bilen "Energetik" bäsleşýär.

Ilki bilen ýaryma finala çykan hiç bir toparyň hem beýleki garşydaşlaryndan asgyn däldigini bellemeli. Şeýle-de bolsa, "Altyn asyr" — "Ahal" duşuşygy iki ýarym final duşuşyklarynyň esasy ünsi özüne çekýänine öwrüldi. Mundan 3 gün ozal geçirilen birinji duşuşykda Kubogyň häzirki eýesi "Altyn asyr" goragçy Şöhrat Söýünowyň öz derwezesine geçiren pökgüsi bilen ýeňlipdi. Bu gün ýer eýesi hökmünde çykyş edýän "aragatnaşykçylara" finala çykmak üçin hökman ýeňiş zerurdyr. 

Beýleki jübütleriň duşuşygynda bolsa "Şagadam" bir ýyldan soň, ýene-de finala has ýakyn topar diýip bileris. Mary şäherinde geçirilen ilkinji duşuşykda "Energetigi" 2:0 hasabynda ýeňen "kenarlylar" bu gün üstünligini elden gidirmese gerek. 

Türkmenistanyň kubogy — 2017-niň ýarym finalçylarynyň bu ýaryşda şu güne çenli görkezen netijeleri:

"Ahal" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 45

Ýeňişler: 16

Deňlikler: 8

Utulyşlar: 21

Pökgüler: 58-72

"Altyn Asyr" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 34

Ýeňişler: 17

Deňlikler: 10

Utulyşlar: 7

Pökgüler: 68-27

 

"Şagadam" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 80

Ýeňişler: 34

Deňlikler: 15

Utulyşlar: 31

Pökgüler: 112-99

"Energetik" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 13

Ýeňişler: 6

Deňlikler: 3

Utulyşlar: 4

Pökgüler: 17-14

Eger gowy netije görkezseler, "Altyn asyr" 6-njy, "Şagadam" 4-nji, "Ahal" 3-nji, "Energetik" bolsa birinji gezek finala çykar.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň