DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Owganystan boýunça maslahat geçirildi

15:0814.10.2017
0
408
DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Owganystan boýunça maslahat geçirildi

Hökümet düzümleriniň wekilleri, diplomatlar, şeýle hem Merkezi, Günorta we Günorta-Günbatar Aziýa ýurtlarynyň bilermenleri ÝeHHG-niň goldaw bermeginde Owganysan boýunça Sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýedinji maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde gurnalan akademiki foruma gatnaşdylar. Owgan wekilýetine daşary işler ministriniň orunbasary Adela Raz ýolbaşçylyk etdi. 

HGI-de geçirilen duşuşykda Merkezi, Günorta we Günorta- Günbatar Aziýa ýurtlarynda sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräni Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Strategiki barlaglar merkezi Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty we ÝeHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen hyzmatdaşlykda gurady. 

Çykyş edenler energetika, sebit we sebitara özara herekete baha bermek babatda hyzmatdaşlygy, şeýle hem söwda mümkinçiligini berkitmek we tranzite ýardam etmek meselelerine degip geçdiler. Maslahata gatnaşanlar sebit howpsuzlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar, Owganystanyň derejesine uly ähmiýet berip, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahtlaşdylar. 

„ÝeHHG dürli başlangyçlar bilen Owganystana ýardam etmek boýunça çäreleri görýär, ÝeHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi hem „Aziýanyň ýüregi“ ady bilen tanalýan Stambul prosesine gatnaşyjylaryň arasynda sebit düzümlerini ösdürmek boýunça gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilen býujetden daşgary taslamanyň çäklerinde şu günki çäräni guramaga goldaw berdi,- diýip, ÝeHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany Natalýa Drozd aýtdy.- Forum dürli halkara, sebit we milli hyzmatdaşlaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gowy mümkinçilik berdi“. 

Duşuşugyň netijeleri forumyň barşynda we 2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan RECCA VII-iň iş toparynyň mejlislerinde ara alyp maslahatlaşmaga esas bolar diýlip hasap edilýar. 

2005-nji ýyldan bäri Owganystan boýunça Sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň maslahaty (RECCA) serhetüsti ykdysady gatnaşyklar, Merkezi, Günorta we Günorta- Günbatar Aziýa ýurtlarynda ynanyşmagy we durnuklylygy berkitmek üçin esas bolup durýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň