Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

22:4313.10.2017
0
6494
Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Bilim, ylym we tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi Türkmenistanyň hökümet mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym we bilim ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary S.Toýlyýew ýapon hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryň çäklerinde Oguz han adyndaky Türkmenistanyň inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Sukuba uniwersitetinden mugallymlaryň işleýändigini habar berdi.

Şu okuw ýylynda ýurdumyz üçin täze ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen Ýaponiýanyň bu ýokary okuw mekdebinden ýene-de birnäçe professorlary we mugallymlary çagyrmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda uzakmöhletleýin esasdaky netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn Şertnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň