«Şagadam» Türkmenistanyň kubogynyň final duşuşygy üçin uly artykmaçlyk gazandy

21:0413.10.2017
0
716
«Şagadam» Türkmenistanyň kubogynyň final duşuşygy üçin uly artykmaçlyk gazandy

13-nji oktýabrda Aşgabatda we Maryda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji ýarym final duşuşyklary geçirildi.

Paýtagtyň «Aşgabat» stadionynda «Ahal» häzirki çempion «Altyn asyry» kabul etdi. Bu iki topar häzirki wagtda hem çempionlyk we Kubok üçin ýiti göreşi dowam etdirýärler. Ýurdumyzyň iň güýçli iki toparynyň arasyndaky duşuşyk ýokary depginde, howply pursatlara baý boldy diýip bolmaz. Üstesine-de, futbolçylar biri-birine garşy örän gödek oýnadylar. Netijede, halkara derejeli emin Jumamyrat Jumamyradow 10 sany sary duýduryş kartyny görkezmäge mejbur boldy.

Duşuşykdaky ýeke-täk gol 24-nji minutda geldi. Ýer eýeleri — «Ahalyň» futbolçylary pökgini hüjümiň sag ganatyndan myhmanlaryň jerime meýdançasyna girizdiler. Pökgini «Altyn asyryň» goragçysy Şöhrat Söýünow garşylady, emma onuň hereketi özüne we toparyna şowsuzlyk getirdi. Ýalňyş edilen urgy pökginiň «Altyn asyryň» derwezesine girmegine sebäp boldy.

Ikinji ýarymda «Ahalda» hasaby artdyrmaga ýene bir mümkinçilik döredi. Ýöne Wahyt Orazsähedowyň depen pökgüsi derwezäniň üstünden geçdi. Şeýlelikde, «Ahal» 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Bu jübütleriň arasyndan çykjak finalçy 16-njy oktýabrda «Altyn asyryň» ýer eýeliginde geçjek duşuşygyň netijesinde belli bolar.

Ýarym finalyň beýleki jübütleriniň duşuşygynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary myhmançylykda «Energetigi» 2:0 hasabynda ýeňdi. Hasaby 51-nji minutda Serdaraly Ataýew açdy. Jemleýji sözi bolsa «Altyn asyryň» ozalky hüjümçisi Süleýman Muhadow sözledi. Duşuşygyň ahyrky minutlarynda «Energetikden» Alybek Abdyrahmanow ikinji sary kart sebäpli oýundan çykaryldy.

Jogap duşuşygy 16-njy oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde geçiriler.

Kubok ýaryşynyň final duşuşygy Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli 28-nji oktýabrda Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda geçiriler.

 

"Ahal" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 45

Ýeňişler: 16

Deňlikler: 8

Utulyşlar: 21

Pökgüler: 58-72

 

"Şagadam" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 80

Ýeňişler: 34

Deňlikler: 15

Utulyşlar: 31

Pökgüler: 112-99

 

"Balkan" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 110

Ýeňişler: 59

Deňlikler: 14

Utulyşlar: 37

Pökgüler: 209-137

 

"Energetik" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 13

Ýeňişler: 6

Deňlikler: 3

Utulyşlar: 4

Pökgüler: 17-14

 

"Aşgabat" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 29

Ýeňişler: 10

Deňlikler: 4

Utulyşlar: 15

Pökgüler: 29-36

 

"Altyn Asyr" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 34

Ýeňişler: 17

Deňlikler: 10

Utulyşlar: 7

Pökgüler: 68-27

 

Täzeden dikeldilen "Köpetdag" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 12

Ýeňişler: 7

Deňlikler: 2

Utulyşlar: 3

Pökgüler: 16-12

 

"Merw" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 100

Ýeňişler: 46

Deňlikler: 20

Utulyşlar: 34

Pökgüler: 145-121

 

"Turan" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 65

Ýeňişler: 23

Deňlikler: 9

Utulyşlar: 33

Pökgüler: 84-105

 

Türkmenistanyň kubogy — 2017-de tapawutlanan futbolçylar

 

Röwşen Halmämmedow, «Köpetdag», 2 gol
Wahyt Orazsähedow, «Ahal», 2 gol
Myrat Annaýew, «Ahal», 2 gol
Orazberdi Myradow, «Ahal», 2 gol
Ibragim Ibragimow, «Turan», 1 gol
Ýazgylyç Gurbanow, «Köpetdag», 1 gol
Merdan Rejepbaýew, «Turan», 1 gol
Döwlet Döwletmyradow, «Köpetdag», 1 gol
Mekan Saparow, «Balkan», 1 gol
Myrat Ýagşyýew, «Altyn asyr», 1 gol
Begenç Allamow, «Merw», 1 gol
Guwanç Abylow, «Energetik», 1 gol
Baýramgeldi Nuryýew, «Köpetdag», 1 gol
Hydyr Ýakubow, «Şagadam», 1 gol.
Akmämmet Metdäýew, «Balkan», 1 gol
Nurtagan Mämmedalyýew, «Balkan», 1 gol
Güýçmyrat Annagulyýew, «Ahal», 1 gol
Aşyrgeldi Ylýasow, «Balkan», 1 gol
Nazar Baýramow, «Aşgabat», 1 gol
Altymyrat Annadurdyýew, «Altyn asyr», 1 gol
Alybek Abdyrahmanow, «Energetik», 1 gol
Selim Ataýew, «Energetik», 1 gol.
Annasähet Annasähedow, «Şagadam», 1 gol
Amir Gurbany, «Şagadam», 1 gol
Begenç Annagurbanow, «Şagadam», 1 gol
Serdaraly Ataýew, «Şagadam», 1 gol
Süleýman Muhadow, «Şagadam», 1 gol.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň