Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti: innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir

16:1011.10.2017
0
4284

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda açylýan I Türkmen-hytaý innowasiýa forumyna gatnaşyjylara gutlag bilen ýüzlendi. Onda şeýle diýilýär:

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Gadyrly alymlar!

Sizi «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly I Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumynyň işe başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biz innowasiýalar we tehnologik ylymlar boýunça täze bilimleri we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, şol sanda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda bilelikdäki başlangyçlary goldaýarys hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýäris. Şoňa görä-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Turkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky örän gin, köpugurly dostlukly gatnaşyklaryň, aýratyn-da ylmy-tehnologik ulgamlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çuňlaşýandygynyň aýdyň nyşany bolan bu halkara ylmy-innowasiýa forumynyň ýokary derejede, aýratyn guramaçylykly, örän netijeli geçjekdigine berk ynanýaryn.

Hytaý Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Dünýäniň ösüşiniň täze şertlerini, milli bähbitleri, dostlukly ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, syýasy, ykdysady, energetika, oba hojalygy, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy okgunly ösýär hem-de bu ugurda oňyn netijeler gazanylýar. Turkmenistan bilen Hytaý ykdysady, medeni, tebigy mümkinçiliklerini iki halkyň bähbitlerine, ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirmegi maksat edinýän döwletlerdir.

«Türkmenistan-Hytaý» gaz geçirijisi, «Gazagystan-Türkmenistan-Eýran» halkara demir ýoly arkaly parahatçylygy, dostlugy, durnuklylygy, hoşniýetli goňşuçylygy we bagtyýarlygy alamatlandyrýan Beýik Yüpek ýoly täzeden dikeldilýär.

Hytaý Halk Respublikasy ýokary depginler bilen ösýär, ylym hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet, bilim we ylym, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şol sanda has öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Hormatly alymlar!

Dünýä ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösüşi innowasiýalara we tehnologiýalara daýanýan ylmyň gazananlary bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Hytaý Halk Respublikasy ýaly dünýäniň onlarça ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem innowasion ösüşlere, ykdysadyýete öňdebaryjy tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, döwrebaplaşdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply, köp görnüşli, ýokary hilli harytlary öndürýän täze innowasion senagat kärhanalaryny döretmek arkaly dünýä ykdysadyýetindäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Bu okgunly ösüşler, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlarynyň, in gowy dünýä tejribeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy, ylmy-tehniki ösüşiň derejesi, innowasiýalaryň, takyk inženerçilik ylymlarynyň, maglumat tehnologiýalarynyň täze mümkinçilikleri bilen berk baglanyşyklydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatyny berkitmek, ylym ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň medeni derejesini hem-de maddy üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa institutynyň, Gün energiýasy institutynyň, Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň, Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň, Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ylym we tehnika müdirligi, Aziýa-Yewropa forumynyň (ASEM) ylmy-tehnologiki we innowasiýa hyzmatdaşlyk merkezi, Hytaý-Ýewropa Arassa we gaýtadan dikeldilýän energiýa instituty bilen netijeli ylmy gatnaşyklaryna biz türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýolundaky täze möhüm ädim hökmünde uly ynam bilen garaýarys.

Munuň özi dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlaryny işjeň ulanmak esasynda Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösmegine ýardam berýär. Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, innowasion-tehnologiýalar babatda sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň birine öwrülýändigine hem-de dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulyşýandygyna hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Gadyrly alymlar!

Sizi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň ylmy-tehniki hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösýändiginiň aýdyň nyşany bolan «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly I Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň her biriňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri we täze açyşlary arzuw edýärin!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň