Harby-watançylyk žurnaly täze sanyny V Aziada bagyşlady

14:2810.10.2017
0
3075

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan çap edilýän “Milli goşun”   žurnalynyň nobatdaky sany neşir edildi. Bu neşir ruhy-watançylyk terbiýesini  ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylaryň döredijiligini höweslendirmek maksady bilen neşir edilýär. Olaryň çeperçilik mümkinçilikleri  žurnalyň göwnejaý bezelen sahypalarynda beýan edilýär.

Žurnalyň täze sany sentýabr aýynda geçirilen “Aşgabat 2017” oýunlaryna bagyşlanýar. Ol Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Watanymyzyň şöhratyny belende göteren türgenlerimiziň ajaýyp ýeňişlerini dabaralandyrýar.

Žurnalda ýerleşdirilen makalalary  köpýyllyk iş tejribeli  ýokary derejeli serkerdeler, şeýle-de ýaňy-ýakynda goşun gullugyna gelen ýaş esgerler taýýarlapdyrlar. Olar özleriniň çuň many-mazmunly hem-de köp öwüşginli makalalarynda türkmen paýtagtynda geçirilen ägirt uly sport baýramçylygynyň tomaşaçylarda galdyran ýatdan çykmajak täsirlerini beýan edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň