Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew: «Janköýerleriň goldawy tutuş türkmen futboly üçin zerur»

16:2209.10.2017
0
9002

10-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda Türkmenistanyň we Singapuryň milli ýygyndylarynyň arasynda Aziýa kubogy — 2019-ä çykmak ugrundaky saýlama tapgyryň duşuşygy geçiriler. Şu gün «Grand Turkmen» myhmanhanasynda bu duşuşygyň öňüsyrasyndaky metugat maslahaty boldy. Onda Türkmneistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew žurnalistleriň sowallaryna şeýle jogap berdi:

— Singapur bilen bolan ilkinji duşuşykda ýeňilişden halas bolundy. Munuň üçin oýunçylaryň esasy haýsy aýratynlygyna minnetdar bolunmaly?

— Olaryň häsiýetine. Häsiýet diýilýän umumylykda agzybirligem, maksada okgunlylygam, armazaklygam jemlenýär.

— Düzümdäki üýtgeşmeler barada aýdaýsaňyz.

— Bu gezek Ruslan Mingazow, Serdar Annaorazow, Resul Hojaýew ýaly futbolçylaryň ornuny, Wahyt Orazsähedow, Begenç Annagurbanow, Söhbet Allanurow bile doldurdyk. Adyny agzan oýunçylarymyz duşuşyga şikes sebäpli gatnaşyp bilenok. Täz futbolçylar barada aýdylanda bolsa, biz kimi çagyran bolsak, ähli tälimçilerimiz bilen maslahatlaşyp, meýilleşdirip çagyrdyk.

— Diýmek, bu duşuşykda biz Ruslan Mingazowyň oýun çäginde Wahyt Orazsähedowy görüp bilerismi?

— Hawa.

— Türkmenistan öňde iki hüjümçi bilen çykyş edermi?

— Aslynda AFK berlen sargytnamada hüjümçi diýlip Wahyt Orazsähedow bilen Myrat Ýagşyýew görkezildi. Ýöne oýnuň gidişine görä, Altymyrat Annadurdyýew bilen Arslanmyrat Amanow hem hüjüme kömek eder.

— Milli ýygyndymyzyň bu gezekki ýeňiş mümkinçiligi barada näme aýdyp bilersiňiz?

— Ýeňşe bolan mümkinçiligimiz elmydama bar. Galanam şowlulyga bagly. Esasy zat: oglanlarymyz taýýar. Olar meýdanda özüni görkezmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

— Duşuşykdan öň ýoldaşlyk oýnuny oýnamaga mümkinçilik bolmadymy?

— Ýok, bolmady. Özüňiz bilýäňiz, milli ýygyndymyzyň duşuşyklary ýurdumyzyň çempionatynyň arasynda gelýär. Bize diňe öz milli çempionatymyzdaky toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmäge wagt bardy. Muny bolsa dogry diýip hasap etmedik. Şonuň üçin hem Aşgabatdaky türgenleşikler bilen çäklendik.

— Sag gyra goragda Serdar Annaorazowyň ýoklugy bildirermi? Biz onuň ýerine meýdanda Söhbet Allanurowy görüp bilerismi?

— Bu ýere meýilleşdiýänlerimiz Söhbet Allanurow bilen Begenç Annagurbanow. Galanynam, oýun wagty ýakynlaşyberse maslahatlaşyp, belli bir karara geleris.

— Singapur, aslynda, Aziýanyň ortaça toparlarynyň biri. Milli ýygyndymyzyň singapurly futbolçylary utup bilmek mümkinçiligi hem ýok däldi. Muňa garamazdan, biz diňe kynlyk bilen hasaby deňläp bildik. Oýun kyn geçdimi?

— Uzakdaky ýurtlarda futbol oýnalanda, ilki bilen, howanyň basyşy bilen çyglylyk täsir edýär. Üstesine, meýdanyň hili barada hem öwgüli söz aýdyp bolmazdy. Ol bolsa, elbetde, oýnuň tizligine hem zeper ýetirýär. Men kyn şertlere garamazdan, duşuşykda utuk alan milli ýygyndymyzy gutlamaly diýip pikir edýärin.

— Biziň şu toparçadan Aziýa çempionatyna çykmak mümkinçiligimiz nähili?

— Hiç zada 100 göterim kepil geçip bolanok. Ýöne biz çykyp biljekdigimize ynanýarys. Munuň üçin bolsa ilkinji ädim ertirki duşuşykda ýeňiş gazanmak.

— Ýene bir aýdan gowrak wagtdan Aşgabatda Taýwan bilen hem duşuşyk bar. Şol duşuşykda milli ýygynda şu gezek çagyrylmadyk käbir futbolçylary hem görüp bilerismi?

— Bolup biler. Hiç kimiň duýduryş ýa şikes almajagyna kepil geçip bolanok. Biz Taýwan bilen boljak duşuşyk üçin soň maslahatlaşarys.

— Siziň çaklamaňyz boýunça, oýnuň hasaby?

— Men entek oýnalmadyk oýun barada öňünden hiç haçan hiç zat aýdyp bilmerin.

— Janköýerlere nähili çagyryşyňyz bar?

— Goý, olar bizi goldasynlar. Bu goldaw diňe biziň üçin däl, tutuş türkmen futboly üçin zerur.

— Täsirli jogaplar üçin köp sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň