Singapuryň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi: «Türkmenistanyň artykmaçlygy — öz janköýerleriniň arasynda oýnamak»

15:4709.10.2017
0
4278

Şu gün paýtagtymyzdaky «Grand Turkmen» myhmanhanasynda futbol boýunça 2019-njy ýylda geçiriljek Aziýa kubogynyň üçünji saýlama tapgyrynyň Türkmenistan — Singapur duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahatynda Singapuryň baş tälimçisi Waradaraju Sundramurta berlen sowallaryň we onuň jogaplarynyň käbirini okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.

Waradaraju Sundramurty. Ýaňy-ýakynda, 6-njy oktýabrda 51 ýaşyny dolduran hünärmen Singapuryň milli ýygyndysynyň ozalky iň meşhur futbolçylarynyň biridir. Professional derejede futbol oýnamaga 1983-nji ýylda girişen W.Sundramurty «Singapur», «Kedah», «Pahang», «Kelantan», «Wudlands Wellington», «Jurong» ýaly toparlar bilen birlikde, Şweýsariýanyň «Bazel» toparynda hem çykyş etdi.  Singapuryň milli ýygyndysyna 1983 — 1995-nji ýyllar aralygynda yzygiderli çagyryldy. 1999-njy ýylda bolsa tälimçilige girişdi. 1999-njy ýyldan 2003-nji ýyla çenli iň soňky çykyş eden topary bolan «Jurongda» oýnaýan tälimçi bolup işlän hünärmen ýurduň milli ýygyndysyna ikinji gezek dolanyp geldi. Häzirki wezipesine geçen ýyl getirilen W.Sundramuraty 2013-nji ýylda milli ýygyndynyň baş tälimçisiniň kömekçisi bolup hem işläpdi.

— Ertirki boljak duşuşyk barada pikirleriňiz?

— Ilki bilen, hemmelere salam. Ertirki duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndysynyň örän oňat oýny orta goýjakdygyny turuwbaşdan bellemek isleýärin. Sebäbi öz ýurduňda, öz janköýerleriň arasynda ýaşyl meýdana çykmak toparlaryň ýeňiş mümkinçiligini artyrýar. Ýöne bu biziň gol gowşuryp oturjakdygymyzy aňladanok. Şu wagt toparçada islendik toparyň yklym ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçiligi bar, ýagdaýlar deňeçer. Şonuň üçin biz hem ýeňiş, iň bolmanda utuk gazanmak üçin meýdana çykarys.

— Singapurda bolan duşuşyk barada näme aýdyp bilersiňiz? Üstünligiňizi duşuşygyň ahyryna çenli saklap bilmediňiz we Türkmenistan Singapurdan utuk bilen dolandy.

— Bu — futbol. Käbir duşuşyklarda emin iň soňky jürlewügi çalýança, kimiň utjagyny çaklap bolanok. Eger utup barýan topar oýna bolan ünsüni gowşatsa, şonuňam jezany çekýär. Biz şol jezany çekmeli bolduk. Ýöne bu gezekki duşuşyk eýýäm başga bir oýun. Siz ertir düýbünden başga topary görjekdigiňize ynanyp bilersiňiz.

— Şikes ýa-da jerime sebäpli esasy düzümden Aşgabada getirip bilmedik futbolçylaryňyz barmy?

— Dogrusy, käbir futbolçylarymyzyň ýeňil-ýelpaý şikesleri bar. Ýöne ähli oýunçylarymyz biz bilen Aşgabada geldi.

— Singapurdaky duşuşyk emeli otly meýdanda geçirildi. «Köpetdag» stadiony bolsa hakyky ot bilen örtülen. Bu aýratynlyklar duşuşygyň gidişine täsirini ýetirermi?

— Türkmenistan — güýçli topar. Biz emeli otly meýdanda oýnasak, topary saklap bileris diýen düşünje bilen şol stadiony saýladyk. Ýöne Aşgabatda hakyky otly meýdanda oýnamak hem biz üçin mesele döretmez. Biziň iki meýdan üçin hem türgenleşigimiz ýetik.

— Birinji duşuşykdan soňra, türkmen futbolçylarynyň oýun taktikasy barada ýeterlik maglumat alan bolsaňyz gerek. Türkmenistanly hüjümçileriň arasyndan aýratyn bellik edeniňiz, şolaryň garşysyna has güýçli goragy meýilleşdirýäniňiz barmy?

— Eger şeýtmeli bolsa, bize 11 oýunçy ýeterlik bolmazdy. Çünki Türkmenistanyň milli ýygyndysynda bir däl-de, birnäçe güýçli oýunçy bar. Her näme-de bolsa, biz öz oýun tärimiz bilen netije almaga synanşarys.

— Siz mundan sanlyja gün ozal Kataryň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiňiz. Indi bolsa has möhüm duşuşyga çykmaly. Topar duşuşyga taýýarmy?

— Kataryň ýygyndysy bilen geçiren duşuşygymyz miwesini berer diýip ynam bildirýäris. Olar Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri. Bize bu duşuşykdan soň, Aşgabada gelip dynç almaga wagt ýeterlik boldy. Duşuşyk bolsa ertir, diýmek, ýene bir gün wagtymyz bar. Biz — taýýar.

— Türkmenistan — Singapur duşuşyklarynyň ikisini hem bir umumylyk — myhman toparyň oýundan öň Kataryň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi ýakynlaşdyrýar. Ýoldaşlyk duşuşygy üçin siziň hem Katary saýlap almagyňyz tötänlikmi ýa?..

— Aslynda, biz ýoldaşlyk duşuşygy üçin köp döwletlere teklip berdik. Şolaryň içinden Katardan bizi kanagatlandyrýan jogap geldi. Üstesine, Katarda myhman topar üçin örän oňat şertler hem döredilýär.

— Düzümde daşary ýurtlaryň çempionatlarynda çykyş edýän futbolçylar hem barmy?

— Bar, iki futbolçymyz Malaýziýanyň çempionatynda çykyş edýär.

— Singapuryň ýygyndysynyň ýakynda Argentina bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi, gürrüňsiz, ýurtda futboluň ýokary depgin bilen ösdürilýändiginiň güwäsi. Eýsem, Singapurda daşary ýurtlaryň, hususanam, Ýewropa toparlarynyň akademiýalary hereket edýärmi?

— Hakykatdan-da, Singapurda Ýewropanyň «Arsenal», «Barselona» ýaly klublarynyň akamediýalary hereket edýär.

— Milli ýygyndyda ýaş futbolçylar hem meýdana çykmaga mümkinçilik alyp bilýärlermi?

— Ýurtda milli ýygyndydan başga-da, ýaşlar ýygyndysy, ýetginjekler ýygyndylary hereket edýär. Biz şolarda özüni görkezen zehinli ýaşlara milli ýygyndyda hem mümkinçilik berýäris.

— Jogaplar üçin sag boluň! Üstünlik hemraňyz bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň