Soňky habarlar

Arhiw

Sagdynlygyň 80 ýaşly nusgasy

13:4107.10.2017
0
6089

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň bosagada duran şu gezekki maslahatynyň esasy aýratynlygy Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň sport ýeňişlerine beslenen taryhy pursatlarynyň yzysüre gelmegindedir. Ýaşuly nesliň wekilleri diňe bir pähim-paýhas ummany bolman, eýsem, olar ýaşlara görkezýän göreldeleri bilenem aýratyn uly hormata eýedirler. Şu ýazgylar arkaly biz sekiz onlugy arka atan, nesip bolsa, döwletli tutumlaryň geňeşi boljak Ýaşulular maslahatyna-da gatnaşjak ildeşlerimiziň biri, has takygy, türgen ýaşuly hakynda gürrüň ederis.

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen günlerinde 80 ýaşly türkmen ýaşulusy ýeňil atletika ýaryşyna gatnaşdy diýsek, elbetde, bu habar gulagyňyza del eşidilip biler. Ýöne bu, hakykatdan-da, şeýle. Has dogrusy, biziň diýýän ýaşulymyz Aşgabatda däl-de, Moskwada ýaryşdy. Özem marafon ýaryşynda.

Myrat Garlyýew. Belki, bu at okyjylara öňdenem tanyşdyr. Mundan bir ýyl çemesi ozal biz Myrat aganyň Moskwa marafonyna gatnaşyp, 42 kilometr aralygy 5 sagatda geçendigini habar beripdik. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda 80 ýaşyny tegelän Myrat aga indi 5 ýyldan bäri yzygiderli geçirilýän bu marafona ýene bir ýola gatnaşdy. Özem geçen ýylkysyndan 1 sagat 10 minutdan gowrak gowulandyrylan netije bilen.

Bu ýylky Moskwa marafony 42 kilometr 200 metr aralyga geçirildi. Dünýäniň onlarça döwletinden 26 müň adamyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşa ýurdumyzdan Myrat aganyň bir özi wekilçilik etdi. Muňa garamazdan, 80 ýaşly türgenimiz ýaryşy üstünlik bilen tamamlady. Dogrusy, Myrat aganyň Moskwa marafonynda gazanan üstünligi kiçi-girimem däl. Ol öz deň-duş gatnaşyjylarynyň (deň-duş diýlende, 70 ýaşdan uly gatnaşyjylar göz öňünde tutulýar) arasynda pellehana birinji bolup geldi. Myrat aganyň bu aralygy geçmek üçin sarp eden wagty bolsa 3 sagat 49 minut.

42 kilometrden gowrak menzil! Dilde aňsat. Ony 4 sagada-da ýetirmän geçäýmek bolsa pikir edeniňde-de ýaýdandyrýan ýagdaý. Ýeri gelende aýtsak, Moskwa marafonynda bu aralygy geçmek üçin 6 sagat wagt berilýär. 80 ýaşly türkmenistanly ýaşuly üçin bolsa berlen wagtyň üçden iki bölegem ýeterlik boldy. Görkezen netijesi üçin Myrat Garlyýewe ýörite medal we kubok berildi.

Myrat aga özbaşdak ylgamak bilen ýaşlykdan bäri meşgullanyp gelýär. Häli-häzirlerem her gün säher bilen 10-15 kilometr ylgaýan Myrat aga indi 20 ýylyň içidir, dünýäniň iň meşhur marafonlarynyň we ýarym marafonlaryň işjeň gatnaşyjylarynyň biri. Has takygy, ol Gazagystanda, BAE-de, Belarusda, Ukrainada, Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Russiýada geçirilen uzak aralyga ylgaw ýaryşlarynyň ençemesine gatnaşdy.

Myrat Garlyýew şägirt ýetişdirmegi-de ýatdan çykaranok. Ol paýtagtymyzda hereket edýän «Ellada» ýeňil atletika klubunyň hem ýolbaşçysy. Häzirki wagtda ýaşlaryň birnäçesi bu klubuň agzalary. Halypa şägirtleriniň hem türgenleşiklerine yzygiderli gözegçilik edip durýar.

Ýene bir zady hökman aýtmaly: Myrat aga sporty hemra edinip, sagdyn ýaşamagyň hakyky nusgasyny görkezýär, onuň özüni alyp barşy, hereketleri edil ýaş ýigit ýaly. Ony görüp: «Bu adamda entek gujur kän. Ol ýene ençeme marafona gatnaşyp biljek» diýip, öz ýanyňdan guwanç bilen pikir öwürýärsiň.

Myrat Garlyýew Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna hem paýtagtymyzyň wekilleriniň arasynda gatnaşýar. Ýerlerde ýaşlar bilen bolan duşuşyklarda milletiň Lideriniň ýaş nesil, sport barada aýdanlaryny wagyz edýän ýaşulynyň Moskwa marafonyndaky bu haýran galdyryjy netijesi — ýeňşi Aşgabat Aziadasyna mynasyp goşant, ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllyk toýuna bolsa sowgatdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň