Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan halk hojalygy üçin KAMAZ awtoulaglarynyň 250-sini satyn alar

04:2102.10.2017
0
4889

Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrligi ýük göterijiligi 20 tonna bolan “KAMAZ-6520” kysymly awtoulaglaryň 250 –sini satyn almagy meýilleşdirilýär. Degişli kararyň taslamasyny taýýarlamak barada mejlisde wise-premýer B.Annameredow hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpugurly ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr we serişde mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň şerti bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasy bilen alnyp barylýan döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň okgunly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, degişli Karara gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň