Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäherinde “Yaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

07:1201.10.2017
0
15303

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde höwesjeň ýaş ýerine ýetirijileriň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň hatarynda dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we ýörite orta okuw hünär mekdepleriniň talyplary, ýaş harby gullukçylar, medeniýet ulgamynyň hem-de ýurdumyzyň ähli künjekleriniň dürli pudak edaralarynyň işgärleri bar. “Ýaňlan, Diýarym!” --2017 döredijilik bäsleşigine jemi 700-den gowrak ýaş zehinli ýerine ýetirijiler gatnaşdylar. Bäsleşigiň etrap, şäher hem-de welaýat tapgyrlarynyň deslapky saýlama ýaryşlarynyň barşynda iň mynasyp dalaşgärler ýüze çykaryldy. 

Bäsleşigiň şertlerine görä, ýokary hünär derejeli eminleriň garamagyna dürli aýdym-saz eserleri hödürlenildi. Bäsleşige gatnaşyjylar nusgawy, halk we döredijileriň aýdymlaryny, öz düzen eserlerini ýerine ýetirmekde zehinlerini görkeziler. Jemleýji tapgyra çykmaga dalaş eden aýdymçylaryň çykyşlaryna aýdym aýdyp biliş aýratynlyklary, ýerine ýetirijilik ussatlylygy we özboluşlylygy hem-de sahnada özüni alyp barşy ýaly ugurlar boýunça baha berildi.

Emin agzalarynyň öňünde gowulardan gowysuny, iň ökde zehinli ýerine ýetirijileri saýlamak ýaly aňsat bolmadyk wezipe durdy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 14-si “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna hem-de uly konserte gatnaşmak hukugyna eýe boldular.

Döredijilik bäsleşiginiň jemleriniň jemlenilmegi hem-de ýeňijileriň yglan edilmegi juda tolgundyryjy boldy. Bu ýere ýygnananlaryň şowhynly el çarpyşmalary astynda ýeňijileriň atlary yglan edildi. Olar ýörite diplomlaryň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglaryň mynasyp eýeleri boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň