Soňky habarlar

Arhiw

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň hyzmatlaryny belledi

06:2501.10.2017
0
8602

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň ýeňşine uly goşant goşan türkmen tälimçileriniň hem-de türgenleriniň—milli ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň üstünligini ýokary döwlet sylaglary – “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlar bilen belledi.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen dabaraly çärä Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, tälimçiler, meşhur türgenler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, şu gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň ýokary netijeleri gazanan türgenlerini we tälimçilerini dabaraly ýagdaýda sylaglamak kararyna gelnendigini aýtdy.

“Biz Garaşsyz ýurdumyzda sportuň beýik geljegine merdana ýaşlarymyzyň ynamynyň berkdigine çäksiz buýsanýarys!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr. Ynsany beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, onuň dünýägaraýşyny hem kämilleşdirýän bu gymmatlyklar biziň döwletimiziň durmuş we ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Öň hem belläp geçişim ýaly, biz bedenterbiýä we sporta agzybir jemgyýetimizi has-da jebisleşdirýän, merdana halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şoňa görä-de, bu ulgamlary ösdürmegi, raýatlarymyzyň ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdynlygyny gazanmagy döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy üns bilen diňlenildi we şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabaraly çäräniň dowamynda milli Liderimiz ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň tälimçilerine hem-de türgenlerine “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” we “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlary dakmak hakyndaky Permanlara gol çekýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Permany okaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda tälimçilere “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly adyň dakylandygy hakyndaky altyn nyşanlary hem-de şahadatnamalary gowşurýar.

Türkmenistanyň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlaryň hatarynda Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan we Ýaponiýadan meşhur türgenler bar. Olar türgenlerimiziň konkur, agyr atletika, kuraş, futzal boýunça iň ýokary netijeleri gazanmagyna saldamly goşant goşdular.

V Aziýa oýunlaryna gatnaşan türgenlerimiziň adyndan türkmen milli göreşi, guşakly göreş we alyş göreşi boýunça ýaryşlarda 6 sany altyn medala eýe bolan Seýdi Batyrow şeýle ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ýurdumyzyň tälimçileriniň hem-de türgenleriniň adyndan S.Batyrow döwlet Baştutanymyza welosiped gowşurdy.

Milli Liderimiz bu gymmatly sowgady muzeýe sowgat berýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem aýratyn tapawutlanan türgenlere has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň berilýändigini habar berdi.

Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary netijeler görkezen Türkmenistanyň ýygyndy toparyny sylaglar bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň – sagdynlygyň we bagtyýarlyk ýurdunyň halkara abraýyny artdyrmak boýunça alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň