Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisde "Aşgabat 2017" oýunlarynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy

04:5401.10.2017
0
2824

Mejlisde ýurdumyzyň parlamentiniň deputatlarynyň we hünärmenleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemlerine bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz üstüne ýüklenen şeýle ýokary derejeli sport çäresini geçirmek ýaly ýokary jogapkärçiligiň hötdesinden abraý bilen gelmegi başardy.

Ýaryşlar Aziýa, Okeaniýa ýurtlarynyň 64-siniň wekilleriniň 6 müňe golaýyny hem-de Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşan bosgunlaryň toparyny bir ýere jemledi. Adalatly sport göreşlerinde biziň türgenlerimiz umumy toparlaýyn birinji orny eýeläp, hormatly Prezidentimiziň türkmenistanlylaryň saglyk meselesine, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary gazanylanlar sportuny ösdürmäge neneňsi uly üns berýändigini bütin dünýä görkezdi.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky şahadatnama we döşe dakylýan nyşan gowşuryldy. Bu at oňa sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmakdaky hyzmatlary hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlamaga goşan şahsy goşandy üçin berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň