Soňky habarlar

Arhiw

Jemleýji final-Ýapylyş dabarasy. “Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň döredijilik işleri boýunça direktory Simone Ferrari bilen söhbetdeşlik

11:5027.09.2017
0
6251

Şu gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bar ünsi täzeden Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek ýapylyş dabarasyna gönükdiriler. Jemleýji dabara Aziýanyň hem-de Okeaniýanyň jemi 65 wekiliýetinden gelen 6000-den gowrak türgeni gaýtadan bir ara getirer.

“Balich Worldwide Shows” (BWS – http://balichws.com) kompaniýasynyň döredijilik işleri boýunça direktory Simone Ferrariniň ýolbaşçylygynda geçirilýän Aşgabat 2017-niň ýapylyş dabarasy tomaşaçylar we dünýäniň dürli künjeklerinde ekranlardan seredýän adamlar üçin ýatdan çykmajak örän täsirli wakalaryň biri bolar.  

Ýapylyş dabarasy müňlerçe tomaşaçylaryň gatnaşmagynda 12 güniň dowamynda geçirilen örän gyzykly ýaryşlary bir ýere jemlär we Oýunlaryň dowamynda Aşgabada gelen ähli myhmanlara Türkmenistanyň dostlugyny hem-de myhmansöýerligini görkezen müňlerçe meýletinçilerimiziň (Ilkinji ýyldyzlaryň) eden tagallalaryny dünýä ýaýar.

Biz hem taýýarlyk işleri gidip duran wagty arakesmede Ferrari bilen söhbetdeşlik etdik. Ol agşamlyk geçiriljek dabara güni tomaşaçylara nämeler garaşylýandygy hakynda gürrüň berdi.

“Ýapylyş dabarasynda siz hem ussatlygyňyzy görkezip, Oýunlaryň özboluşly baýramçylygyny belläp bilersiňiz, sebäbi bu ýerde hökman ýurduň mahsus aýratynlygyny aýtmak gerek däl. Dabarada sport we milletler, şeýle hem olaryň sungaty barada görkeziler” diýip, Ferrari alyp barýan işleri barada gürrüň berdi.   

Italiýaly ýaş direktor Ferrari uly göwrümli çäreler bolan Olimpiýa dabaralaryny hem-de uly sahna çykyşlaryny guramak bilen baý tejribe gazandy. Ol dünýäde iň ussat we tejribeli adamlar bilen işleşýär. “Käbir çeper segmentler Türkmenistan barada hyýaly düşünje berer, munuň üçin bolsa bu ýurda çaganyň gözi bilen seretmek gerek” diýýän Ferrari: “Bütin dünýä öz ýurduň taryhyny tanatmak, oňa düşünmek we çeperçilik taýdan  kämil keşplendirmek esasy maksat bolup durýar.  Siz göz öňünde janlandyrmak isleýän bu hyýaly görnüşiň içine girmäge çalyşýarsyňyz.  Bu dabara türkmen tomaşaçylary üçin, şol sebäpden men olaryň çeper stili bilen bilimlerini, öwrenilen maglumatlary baglanyşdyrmaga çalyşdym. Şeýlelik-de  men bu keşplendirmeleri halkyň baý geçmişinde bar bolan gymmatlyklaryndan alyp gaýtdym” diýip, dabaranyň jogapkärçiliginiň ähmiýeti barada belläp geçdi.

Ol: “Men garaşylmadyk ýagdaýy döretmek bilen, ähli  zady üýtgedýän özgeriş pursaty ýa-da öňden belli bolan zatlar bilen haýran galdyrmaga çalyşýaryn. Her segmentde adamlaryň aňynda hemişelik ornaşjak üýtgeşik şekil bolmaly” diýip, joşgunly pursatlar hakynda görýän taýýarlygynyň möhümligini nygtady.

Ferrari  kompaniýanyň döredijilik işleri boýunça direktory wezipesine bellenenden soň ilkinji işine bu Oýunlardan başlaýar. Ol özünde bar bolan ussatlygyny dürli media tehnikalary bilen utgaşdyryp, ajaýyp başarnygyny görkezer.  

“Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň döredijilik işleri boýunça direktory, 29 ýaşly Ferrari kompaniýanyň çäginde şowhunly çykyşlary guramak boýunça hem jogapkär. Soçi – 2014 Paralimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyny geçirenden soň, ol uly sahnalar üçin ýöriteleşdirilen dabaralarda, ýagny  “OperaPop”-da we Gazagystanda gurnalan iň uly sahnalaşdyrmada döredijilik işleri boýunça prodýuseri boldy.  

“Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň topary Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli geçirilen dabarasyny gurnadylar. Olar teatryň içinde  hiç hili garaşylman durka, emeli ýagyş ýagdyrmaklygy başardylar.

“Men çäräni stadionda ilkinji gezek gurnaýaryn. Bu meniň üçin iň tolgundyryjy pursatlaryň biri. Men teatr ugrundan bilim alan ussat sazandadym. Dörediji şahs hökmünde men elmydama italian kompaniýanyň “Stomp” görnüşinde ulanyşlary ýaly, saz bilen dabara ulgamyny birikdirmäge çalyşýaryn. Men uly dabaranyň gurşawyny döretmekligi, döwrebap tehnologiýalary ulanmaklygy we hekaýalar bilen baýlaşdyrmagy diýseň halaýaryn. Teatrdan tapawutlylykda stadionyň wizual we saz, duýgy hem-de wideo bilen baglanyşykly hemmelere düşnükli dili bar. Ol sözsiz hem-de ähli adamlara düşnükli” diýip, Ferrari sahnanyň inçe aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Müňlerçe meýletinçi Ýapylyş dabarasynda çykyş etmek üçin aprel aýyndan işe kabul edildiler. Taýýarlyk işleri awgust aýynyň ortalarynda Aşgabat stadionda başlady. Soňky taýýarlyk çäresi bolsa agşamky dabaranyň 3 gün öňüsyrasy Olimpiýa stadionynda geçiriler.  

“Dabarany şowly geçirmek üçin biri-biriňizden we öz-özüňden sorap öwrenýärsiň. Sebäbi siz ençeme adamlara ýolbaşçylyk edýärsiňiz hem-de sizden garaşylýan umydy ödemäge çalyşýarsyňyz. Diňe agzybirlikde işlenilende bu üstünlige ýetip bolýar” diýip, Ferrari özara jebisligiň möhümdigini nygtady.

“Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda ýolbaşçylyk etmek edil ýabany haýwany eldekileşdirýän ýaly. Iş örän kyn. Sen her bir aýdan sözüňe, edýän işiňe örän jogapkärçilik çekýärsiň” diýip, döredijilik işleri boýunça direktor işiň kynçylygy barada gürrüň berdi.

“Siz entäk taýýar däl zady bişirmäge çalyşýarsyňyz, emma onuň tagamyny siz entek ony dadyp görmeseňiz hem nähili boljakdygyny öňünden bilýärsiňiz. Siz öz-özüňize ynanmaly we ruhdan düşmeli däl, sebäbi siziňki ýaly pikir başga hiç kimde ýok. Siz çuňňur manyly bir hyýaly keşbi döretmäge çalyşýarsyňyz, dabaranyň şowly geçmegi üçin edilýän alada bolsa adaty zat bolup galýar” diýip, Ferrari belledi.  
 
Ferrariniň aýtmagyna görä, özüni ilkinji gezek bütin dünýä tanyşdyrýan ýurt özüne gaty ynamly bolmaly.  “Özüni tanyşdyrýan ýurt şeýle çykyşlaryň üsti bilen göýä “Serediň! Görüň, men nähili ýurt!” diýýän ýaly bolýar. Bu münber bolsa guralan çykyşlaryň üsti bilen syýasata we geçirilýän sport ýaryşlaryna dahylsyz size özüňizi tanatmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa “Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň aýratyn taraplarynyň biridir. Dabara arkaly  gazanylýan agzybirlik örän möhümdir” diýýän Ferrari “Geçirilýän çäreleriň üsti bilen tomaşany synlaýanlar umumy diliň, sungatyň we sözüň birligini görýärler. Bu çärelere gatnaşýan we görýän ähli milletler şuňa meňzeş duýgulary başdan geçirýärler” diýip, dabarany guramakda agzybirligiň wajyplygy hakynda aýtdy.

“Bu dabara sizi geljege öňküden hem umytly garamaga we bu ýerde görkezilýän gözellige tarap ymtylmaga çagyrýar” diýip döredijilik işleri boýunça direktory gürrüň berdi.

Ferrari sözüniň ahyrynda: “Ýapylyş dabarasy biziň ilkinji ýyldyzlarymyza bagyşlanýar. Sebäbi biz olarsyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirip bilmezdik. Biziň meýletinçilerimiz buýsanmaga haklydyrlar, sebäbi olaryň Oýunlar döwründe alyp baran işleri örän möhümdi. Olar kitapda beýan edilmedik Türkmenistany suratlandyrdylar we özleri hem şol kitabyň gahrymanlary boldular. Olar geçiriljek dabara arkaly öz ýurtlaryna we sungat işgärlerine bütinleý üýtgeşik göz bilen seredip bilerler. Meniň bolsa bu maksadymy durmuşa geçirip bilerin diýen umydym bar” diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň