Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen bilýardçylary gatnaşan ilkinji halkara ýaryşynda ikinji orna mynasyp boldular

10:5227.09.2017
0
11899

26-njy sentýabrda Aşgabat Aziadasynyň bilýard boýunça ýaryşlary tamamlandy. 19-njy sentýabrda başlanan ýaryşlaryň netijeleri boýunça taryhda ilkinji gezek halkara ýaryşa gatnaşan türkmen bilýardçylary aýratyn bellenilmäge mynasyp netije gazandylar. Tejribesiniň azdygyna garamazdan, milli ýygyndymyz 7 medal gazandy. Şolaryň 2-si altyn, biri kümüş, 4-si bolsa bürünç medaldyr. Şolaryň ikisi altyn (A.Annamämmedow, I.Bekdurdyýew), bir kümüş (K.Babaýew) we 4 bürünç (I.Bekdurdyýew, B.Geldiýew, B.Aýdogdyýew, A.Annamämmedow) medaldyr. Umuman, bilýard ýaryşlarynyň jemi boýunça Hytaýdan gelen türgenler birinji, ildeşlerimiz ikinji, eýranly türgenler bolsa üçünji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň