Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen tans sportunyň ilkinji medaly

20:2425.09.2017
0
10832

Şu gün “Aşgabat 2017-niň" tans sporty boýunça ýaryşlary  badalga aldy. Ýurdumyzyň tans toparynyň halkara ýaryşyndaky çykyşyna tomaşa etmek üçin mähelle bary üýşüpdir. Tomaşa zalynyň içi janköýerlerden  ýaňa hyň berýärdi. Tansçylarymyz hem tomaşaçylaryň ynamyny ödediler. Tans sportunyň salsa görnüşi boýunça Aleksandr Sisekin bilen  Waleriýa Nepomnaşaýa türkmen tansynyň taryhynda ilkinji halkara ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldular. Biz hem ýeňijilerimiz bilen söhbetdeşligimizi size ýetirýäris.

----Daşary ýurtda  çykyş edip, ýurduň abraýyny goramak  bir başga, öz ýurduňda geçirilýän halkara çäresinde çykyş etmegiň täsiri  aýry başga bolsa gerek.

(A.Sisekin) Elbetde, daşary ýurtda ýaryşanyň bilen öz ýurduňda Watanyň abraýyny goramak bir başga.  Tansda esasy zat ýürek bilen duýmak. Biz hem şu günki ýaryşda janköýerlerimiziň goldawyny ýüregimiz bilen duýduk. Şol hem biziň üstünlikli çykyş etmegimize ýardam etdi. Şu günki ýaryşa gatnaşýanlygyma çäksiz begenýärin. Tomaşaçylaryň, janköýerleriň ynamyny ödemek üçin elimizde baryny etdik. Tasn sporty ýurdumyzda barha ösýär. Ýurdumyzyň sportda şeýle ýokary derejelere ýetendigine çäksiz buýsanýarys. Bu işleriň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyz dur. Milli Liderimize çäksiz  sagbolsun aýdýarys.

(W. Nepomnaşaýa) Men hem tälimçimiň sözlerine goşulýan. Bu ýaryş bize  güýjümizi synamak üçin örän uly mümkinçilik boldy. Men hem ýurdumyzda geçirilýän bu halkara ýaryşyna gatnaşýandygyma çäksiz begenýändigimi aýdasym gelýär.

----Sporta gelşiňiz, gatnaşan halkara ýaryşlaryňyz barada aýdaýsaňyz.

(A.Sisekin) Men tansa 11 ýaşymda geldim. Meniň ilkinji halypam---ejem. Ejem maňa tansyň ilkinji hereketlerini öwretdi. Häzir bolsa meniň özüm Türkmenistanyň tans sporty boýunça milli ýygyndysyna tälim berýärin. “Aşgabat 2017”-ä taýýarlanmak maksady bilen fewral-mart aýlarynda  Belarussiýanyň Mogilew şäherinde bolduk. Şol ýerde geçirilen tans festiwalynda Waleriýa bilen  2-nji orun almagy başardyk. Mundan başga-da 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen tans sporty boýunça bäsleşikde kümüş medaly gazanmagy başardym.  

(W. Nepomnaşaýa) Meniň hem tansa gelşim edil tälimçimiňkä meňzeşräk. Men dokuz ýaşymda wagtym ejem meni tans mekdebine gatnadyp başlady. Salsa bilen  bir ýarym ýyla golaý wagt bäri meşgullanýaryn. Tälimçim bilen Belarus Respublikasynyň Mogilýew şäherinde geçirilen tans festiwalynda  2-nji orna mynasyp bolduk.

-----Taýýarlyk döwründe daşary ýurtly türgenler bilen hem gürrüňdeş bolup görensiňiz. Olar oýunlara nähili baha berýärler?

(A.Sisekin) Olar gaty hoşal. Olimpiýa şäherçesi, şäherimiziň owadanlygy, halkymyzyň myhmansöýerligi hakynda aýdýarlar. Ýurdumyza ýene-de geljekdiklerini belleýärler. Gonkokdan jigi-dogan gatnaşdylar. Mysal üçin şolar:  “Türgen bolup gatnaşýandygymyza az-kem gynanýarys. Sebäbi köp ýerlere aýlanyp görüp ýetişemzok. Aşgabada maşgalamyz bolup hökman  ýene geleris diýip aýdýarlar.” Ýurdumyz hakynda şeýle ýakymly sözleri eşitmek juda buýsançly. Bizi şeýle buýsandyrýan, arzuwlarymyza ýetirýän  hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.

Köp sag boluň. Aleksandr,  Waleriýa! Size mundan beýläk-de üstünlik gazanyp, ýurdumyzyň tans  sportunyň abraýyny has-da beýgeltmegiňizi arzuw edýäris.

Sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň