Joralaryň finalynda ýeňiji – Gülbadam

20:0925.09.2017
0
5427

Aşgabat Aziadasynyň sambo görnüşi boýunça halkymyzyň ynamyny ödäp, gazagystanly garşydaşyndan üstün çykmagy başaryp, altyn medala eýe bolan Gülbadam Babamuratowa bilen söhbetdeşlik.

 – Gülbadam, gazanan üstünligiňiz bilen gutlaýarys. Dogrusy, siziň altyn medal almagyňyza diňe ýakynlaryňyz däl, eýsem, bütin türkmen halky hem uly umyt bilen garaşdy. Megerem, şeýle ynamyň astynda gazanylan üstünligiň berýän duýgusy başgaçadyr?

 – Sag boluň! Elbetde, meniň esasy begenjimiň özeni halkymyň ynamyny ödäp bilmegimde. Şol sebäpli, bu ýeňiş ýurdumyň, ilimiň üstünligi.

 – Bizi, esasan, soňky netijede gazagystanly türgen bilen tutluşyk pursatynda ulanan tilsimleriňiz gyzyklandyrýar. Diňe bizi däl, eýsem, eminleri, tomaşaçylary hem haýrana goýupdy.

 – Gazagystanly garşydaşym bilen öň hem halkara ýaryşlarda üç gezek tutluşykda bolupdym we onuň nähili emel ulanýanyny, eýýäm bilerçe wagt boldy. Şol sebäpli-de, nähili edenimde ondan üstün çykyp boljaklygyny aňymda aýlap durýardym.

 – Tüweleme, öň hem üç gezek tutluşykda bolan bolsaňyz siz bir-biriňizi has içgin hem tanaýansyňyz?!

 – Elbetde, gaýry ýurduň türgenleridigimize garamazdan, internet ulgamynyň üsti bilen elmydama habarlaşyp durýarys. Hat-da, soňky wagtlar syrdaş bolup gitdik diýsem hem ýalňyş bolmaz. Ýöne bu zatlaryň ählisi ýaryşdan soň. Ýaryşa çenli biz biri-birimiz bilen garşydaşdygymyzy ýatdan çykaramzok.

 – Oýlandyryjy maglumat. Şeýle öwrenişen, hat-da içgin tanyşyňyz bilen  tutluşyga çykmak nähili duýgy?

 – Ata-babalarymyzdan gelýän atalar sözi bar – “Göreşde ataň bolsa-da, ýyk”. Esasy ýörelgäm şu. Ýakyn bolsun, ýat bolsun, meniň bar pikirim – ýurdumyň abraýyny goramak.

 – Gülbadam, mümkin bolsa, şeýleräk sorag bilen ýüzlenesim gelýär. Eger-de, siziň sport ugrundan gitmegiňize durmuşa çykanyňyzdan soň böwet dörese, haýsyny saýlardyňyz?

 – Her nähili ýagdaý bolsa-da, durmuş meselesi meniň dünýämde ilkinji basgançakda. Çünki men türkmen gyzy. Höwesim, maksadym, üstünliklerim maşgala durmuşymdan hiç haçan öňe geçip bilmejekligini aýdasym gelýär.

 – Türkmenistanyň iň meşhur türgen gyzlarynyň birinden bu jogaby almak, dogrusy, birhili gyzykly. Edil şu pursat özüňizde hakyky türkmen gyzynyň ruhy dünýäsiniň barlygyny açyp görkezmegi başardyňyz. Geljekde nähili maksadyňyz bar?

–       Geljekde däl-de, şu maksat mende sport dünýäsine gelen günümde döräpdi, ýagny – ýurduma Olimpiýa çempiony bolup, dolanyp gelmek.   

 –   Şol maksadyňyz myrat tapyp, ýurdumyzyň abraýyny has-da belende götermegiňizi arzuw edýäris. Gyzykly söhbetdeşlik üçin sag boluň, Gülbadam!

 – Minnetdar.

Goşmaça: Biz sambo boýunça 52 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp bolan gazagystanly türgen Gülnur Ýerbolowa bilen söhbetdeş bolduk. Elbetde, türkmen žurnalisti hökmünde biziň esasy sowallarymyz Gülbadam Babamuratowa bilen geçirilen final tutluşygy barada boldy. “Aslynda, Gülbadam meniň gowy joralarymyň biri. Biz onuň bilen eýýäm birnäçe ýyldan bäri tanyş we iri ýaryşlarda garşydaş. Men Aşgabada gelenimde esasy bäsdeşimiň Gülbadam boljakdygyny bilýärdim we bu ýaryşy ikinji orun bilen tamamlamaga-da razydym. Ýeňlen türgen göreşden doýmaýar, Gülbadam bilen iri ýaryşlarda dördünji gezek göreşýärin, ýöne entek ony ýeňip görmek başardanok. Şeýle güýçli garşydaşymyň bardygy meni begendirýär. Türkmen halky bolsa özünde şeýle güýçli türgeniň bardygyna guwanyp biler”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň