Soňky habarlar

Arhiw

Kerimberdi Döwletow Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aşgabat Aziadasyndaky 80-nji altyn medalyny gazandy

19:3525.09.2017
0
16640

Şu gün Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysynyň agzasy, halkara derejeli sport ussady Kerimberdi Döwletow türkmen türgenleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryndaky 80-nji altyn medalyny gazandy. Bu hoş habar Aşgabat Aziadasy üçin öňünde goýan baş maksadyna ýeten türgen üçin goşa şatlyga öwrüldi.

Türkmenistanyň Milli sport syýahatçylyk institutynda bilim we tälim alýan türgen sporty çagalykdan hemra edinenleriň biri. Bu günki ýeňişde bolsa onuň ilkinji tälimçilerinden öwrenen emellerinden başlap, häzirki halypalaryndan alan tejribeleriniň hem uly paýy bar. Ýaryşa 1/8 finaldan girişen Kerimberdi ilkinji garşydaşy – taýlandly pälwan Pongtep Tumronglukdan 9(4) – 0(0) hasabynda üstün çykdy. Çärýek finalda bolsa ol Owganystandan gelen garşydaşy Sohrab Mubarizi ýaryşdan çykardy. Kerimberdiniň ýarym finaldaky garşydaşy gazagystanly Amandyk Assauuly boldy. Nobatdaky garşydaşyny hem hem türkmen türgeni Gyrgyzystandan gelen Orozbek Abtandil uuly bilen tutluşmaly boldy. Günüň ilkinji, ähli ýaryşyň bolsa 80-nji altyn medalyny yzarlap, Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen duşuşyga biz hem tomaşa etdik. Güýçli garşydaşlarynyň üçüsinden üstün çykyp, altyn medal ugrundaky göreşe hukuk gazanan hem bolsa, Kerimberdä bu “altynyň” aňsat düşendigini aýdyp bolmaz. Dogry, artykmaçlyk tutluşygyň agramly böleginde türkmen türgeniniň elinde boldy. Ýöne wagtal-wagtal gyrgyz türgeni hem göwnejaý urgulary geçirip, altyn medal ugrundaky göreşe çykmaga mynasypdygyny subut etdi. Tutluşygyň Kerimberdi Döwletiň peýdasyna 7(3) – 4(1) hasabynda tamamlanmagy hem bu ýeňşiň ýeňil bolmandygyny görkezýär. Her niçik hem bolsa, ol Aşgabat Aziadasynda milli ýygyndymyzyň 80-nji altyn medalyny gazanan türgen hökmünde bu oýunlaryň taryhyna girdi.

Altyn medaly boýnundan asyp duran türgen bilen söhbetdeş bolanymyzda, özüni goldamaga gelen ähli janköýerlere, doganlaryna, talyp ýoldaşlaryna hoşallygyny bildirdi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň