Soňky habarlar

Arhiw

ARROMSARANON: Aşgabatdan medal bilen dolanýandygym üçin men örän şat.

13:0325.09.2017
0
1197

Ýokary depginde dowam edýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bowling ýaryşlarynda ýekeleýin we jübütleýin bäsleşikler tamamlandy.

Erkekleriň arasyndaky ýekeleýin ýaryşda tailandly Annop Arromsaranon ýeňiji boldy. 32 ýaşly bowlingçi çekelişikli geçen finalda filippinli Kennet Çuany 247-212 hasabynda utup, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryndaky ilkinji altyn medalyny gazandy.

Ol duşuşykdan soň, "Bu ajaýyp şäherde altyn medal gazanmak meniň üçin uly bagt. Karýeramdaky iň gymmatly we derejesi iň ýokary alryn medal boldy. Şeýle-de Olimpiýa şäherçesi mende ýakymly täsirler galdyrdy. Sebäbi ähli desga bir ýere jemlenip gurlupdyr. Öz ýurduma Aşgabatdan altyn medal bilen dolanýandygymy üçin men örän şat" diýip, gürrüň berdi.

Ýekeleýin ýaryşda erkekleriň arasynda bürünç medallary Hytaý Taýpeýinden Hao-Min Wu, şeýle hem gonkongly Çun Hin Tse eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň