Soňky habarlar

Arhiw

Tannýa Roumimper: Zenanlaryňyzyň egiň-eşikleri meni haýrana goýdy

13:0125.09.2017
0
1655

Zenanlaryň arasyndaky ýekeleýin bäsleşikde-de bu ugurda Aziýa yklymynyň öňdebaryjy döwleti Günorta Koreýadan Seunža Baek altyn medalyň eýesi boldy.

26 ýaşyndaky Baek finalda indoneziýaly ýaşytdaşy Tannýa Ruomimperden 210 -- 161 hasabynda  üstün çykdy. Iki türgenem finaldan soň öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan etdi. Ilki bilen çempion Baek: "Meniň sport karýeramdaky iň aýgytlaýjy pursatlaryň biri.

Bu altyn medal meniň üçin ýöne ýeňiş medaly däl. Bu ajaýyp ýurtda, gaýtalanmajak gözellikdäki Olimpiýa şäherçesinde güýçli garşydaşlarda öňe saýlanyp ýetilen sepgitdir. Hakykatdanam ökde türgenlerden tapawutlanmak maňa kyn düşdi. Begenjimiň çägi ýok. Ajaýyp, halkara ýaryşda münberiň çür depesine çykmak özboluşly duýgy" diýip, aýtdy.

Kümüş medalyň eýesi Tannýa Roumimper bolsa, siziň üçin iň esasy täsir galdyryjy zat näme diýlen sowala ol türkmen gelin-gyzlarynyň milli egin-eşikleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny buýsanç bilen beýan etdi. Kümüş medal alandygy üçin gynanmaýandygyny hem aýtdy.

Zenanlaryň arsynda ýekeleýin ýaryşda bürünü medallary hytaýly Ýuhon Çžen bilen tailandly Nattida Sertlueço gazanmagy başardy.

Bowling ýaryşlary erkekdir zenan türgenleriň arasynda toparlaýyn bäsleşikler bilen dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň