Arhiw

Begmyrat Meredow Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 200-nji medalyny gazandy

20:0124.09.2017
0
12789

Buşluk, eziz ildeşler! Türkmen türgenleri Aşgabat Aziadasyndaky 200-nji medalyny gazandy. Şu gün türkmen samboçysy Begmyrat Meredowyň gazanan kümüş medaly milli ýygyndymyzyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryndaky 200-nji medaly boldy.

Mälim bolşy ýaly, oýunlaryň sambos ýaryşlaryna şu gün badalga berildi. 68 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden B.Meredow ýaryşa liwanly Gady Musa bilen 1/8 tutluşygyndan girişdi. Ilkinji tutluşykda garşydaşyny 0(4) – 0(0) hasabynda ýeňen Begmyrat çärýek finalda Tolegen Nurgaliýewiň (Gazagystan) garşydaşy boldy. Bu gezek 4(3) – 1(1) hasabynda ýeňen Begmyrat ýarym finala ýollanma aldy. Ýarym finalda gyrgyzystanly Eldos Masiýewiň garşydaşy bolan türkmen türgeni bu gezek ýeňiş gazanyp, altyn medal ugrundaky tutluşyga hukuk gazandy. Hasap: 4(2) – 1(0). Milli ýygyndymyzyň şu ýaryşdaky 200-nji medalyny altyna öwürmek üçin bolsa türgene sähelçe utuk ýetmezlik etdi. Özbegistanly Sarbon Ernazarow bilen geçirilen final tutluşygynda ildeşimiziň garşydaşy 1(4) – 1(0) hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýeňşiňiz gutly bolsun, höwri kän bolsun, türkmen türgenleri!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň