Soňky habarlar

Arhiw

Keoheý Nakamura: Türkmenistanda futzalyň uly geljegi bar

19:2824.09.2017
0
3740

Oňa – Aşgabat Aziadasynyň futzal ýaryşlaryna gün sanap garaşdyk. Milli ýygyndymyz nirede türgenleşik geçse, haýsy döwletde ýoldaşlyk duşuşygyny geçirse, janköýerlik etdik, her bir habar bilen gyzyklandyk.

Oýunlarda milli ýygyndymyzyň duşuşyklary başdan-aýaga janköýerleriň şowhunyna beslendi. Üç oýunda 15 gol geçirip bilen türkmen futzalçylary çärýek finalda gollarynyň sanyny 20-ä tegelediler. Ýöne... Ýöne geçirilen 20 gol (eger jemi 5 oýun hasabynda alsak, her oýunda 4 gol, bu örän gowy netije) milli ýygyndymyzyň ýarym finala çykmagy üçin ýeterlik bolmady. Gynansagam, türkmen futzalçylary örän gyzykly geçen, ilki 50 minut, ondan soňam jerime urgulary bilen dowam eden duşuşykda ýeňildiler. Şeýdibem, Aşgabatda geçirilýän futzal baýramçylygy bilen hoşlaşdylar. Şeýdibem, türkmen futzalynda joşgunly, tolgunmalara baý Keoheý Nakamura döwri belki tamamlandy.

Duşuşykdan soň söhbetdeşlik üçin ýörite niýetlenen ýerde aglap barýan futzalçylarymyzy göwünlik berip ugradyp, baş tälimçi Keoheý Nakamura bilen nämedir bir zatlar hakynda gürrüň edesimiz geldi. Gürrüňimiz oýun, üstünlikler, ýalňyşlyklar, futzal joşguny we tälimçiniň Türkmenistandaky geljegi barada boldy.

- Netije aýdyň. Oýun barada näme aýdyp bilersiňiz?

- Meniň pikirimçe, türkmen janköýerleri öz milli ýygyndysyny gutlamaly. Duşuşygyň aglaba böleginde türkmen futzalçylary oýnuň gidişini öz ellerinde sakladylar. Maglumatlar we hasabatlar ählitaraplaýyn Türkmenistanyň ýygyndysynyň rüstem oýny orta goýandygyny görkezýär. Esasy ýalňyşlyk bolsa 2:1 öňe çykanymyzdan soňra, hasaby saklap bilmezlik boldy. Hasaby çalt deňletdik we soňra 4:2 hasabynda yza-da galdyk. Ondan soň welin meniň futzalçylarym örän ajap oýny orta goýdular. Duşuşygyň ahyryna çenli hasaby deňledik we goşmaça wagtyň berilmegini gazandyk. Esasy wagt tamamlanmaka-da öňe saýlanmaga mümkinçiliklerimiz bolmady, ýöne, geliň, elimizi ýüregimiziň üstünde goýup boýun alalyň, şowlulyk şu gün biziň tarapymyzda bolmady. Ýogsam garşydaşyň derwezesiniň agsynda olaryňkydan iki esse dagy köp howply pursatlary döretdik. Ýöne ýaryşlarda hemme zady oýundaky artykmaçlyk däl-de, netije kesgitleýär. Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy we türkmen janköýerleri bu duşuşygy hiç haçan ýadyndan çykarmasa gerek.

- Watan Ataýewiň hasaby 4:4 eden goluna ünsi çekesimiz gelýär. Jerime urgusyndan soň siz derwezewanyň köýnekçesini Gurbangeldi Sähedowa berdiňiz...

- Bu futzalyň oýun usullarynyň biri. Biz şu gün irden bu usul boýunça türgenleşdik. Türgenleşik miwesini hem berdi.

­- Eger şol pursat gol geçirilmedik bolsa derwezewan Berdimyrat Sapardurdyýew ýerine gelmelidimi?

­- Hawa, gyssagly oýunçy çalşygyny geçirip, ol ýerine barmalydy.

- Şu ýaryşyň dowamynda ildeşlerimize birnäçe gezek jerime urgusyny urmaga mümkinçilik döredi. Ýöne şolaryň biri hem derwezä geçirilmedi. Wýetnam bilen bolan oýunda geçirilmedik jerime urgusy bizi utulyşdan halas edip bilmedi. Çärýek finalda bolsa başymyza jerime urgulary ýetdi diýip bileris. Sebäp näme? Ýa jerime urgulary boýunça türgenleşik ýeterlik däldimi?

- Biziň türgenleşiklerimizde ýekeje pursat hem ýatdan çykyp galan däldir diýip biljek däl. Şu gün jerime urgularyny ýerine ýetiren futzalçylaryň ählisi hem türgenleşikleriň iň gowy “jerimeçileridi”. Ýaryşda garşydaş derwezeleri meniň pikirimçe dartgynlylyk we örän güýçli goldawyň berýän aljyraňňylygy “gorady”.

- Beýle bolsa, oýunlara türgenleşik döwründe haýsydyr bir daşary ýurduň milli ýygyndysyny ýa toparyny ýurdumyza çagyryp, ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, janköýerleriň şowhunyna oýunçylarymyzy has öwrenişdirip bolarmydy?

­- Bir zady nazarda tutmaly: şu oýunçylar Türkmenistanyň iň gowy futzalçylary. Dogry, bularda halkara tejribe entek az. Eger taýýarlyk döwri Türkmenistanda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçiren bolsak, elbetde gowy bolardy. Ýöne bu barada mundan soň gürrüň etmegiň hajaty ýok. Onsoňam oýunçylarymyzyň aglabasy ýaş. Ýöne men şu ýygyndynyň geljekde has uly işleri amala aşyryp biljekdigine, gerek bolsa dünýä çempionatynda hem çykyş etmäge hukuk gazanjakdygyna ynanýaryn.

­- Siziň pikiriňizçe, Serdar Rejebowyň şikes alyp, oýny dowam etdirip bilmezligi oýnuň umumy netijesine öz täsirini ýetirdimi?

- Dogry, Serdar biziň üçin köp işleri. Muňa janköýerlerem şaýatdyr. Ýöne şikes alyp oýny dowam edip bilmedik bir oýunçynyň ýokdugy oýnuň gidişine täsirini ýetirse, bu eýýäm toparyň taýýarlygynyň egsikdigini görkezdi. Ýatlaň, Kristano Ronaldo şikes alyp, finaly dowam etdirip bilmese-de, geçen ýyl Portugaliýa Ýewropanyň çempiony boldy. Bizde-de ýene 13 sany Serdar bardy. Men oýunçylarymyň hiç biriniň hem başarnygyna pes netije beremok. Eger olar 50 töweregi oýunçydan saýlanyp, şu ýere gelip bilen bolsalar, gaýtalap aýdýan, onda olar, hakykatdanam, Türkmenistanyň iň gowy futzalçylarydyr.

- Jemleýji jerime urgularynda garşydaşlaryň edişi ýaly, derwezewany çalşyryp görmek barada pikire gelmediňizmi?

- Ýok, Berdimyrat şu ýaryşyň dowamynda bizi kän howply pursatlardan halas etdi. Diňe men däl, tutuş toparymyz oňa ynandy.

- Owganystanyň topary barada.

- Olar, hakykatdan-da, bu ýaryşyň “syrly sandygy”. Düzüminde Özbegistan, BAE, Hytaý bolan toparçadan lider bolup çykdylar. Bu günki oýunda-da iki pökgi tapawudy bilen öňe saýlandylar. Men, esasan hem, Owganystanyň derwezewanynda geljekde uly mümkinçilik görýärin. Garşydaşlarymyzy gazanan ýeňşi bilen gutlaýaryn.

- Siziň pikiriňizçe, ýaryşyň çempionlygyny haýsy ýygyndy gazanyp biler?

- Men Eýran diýip pikir edýärin. Olar diňe bir Aziýada däl, dünýä boýunça-da örän güýçli toparlaryň biri.

­- Milli ýygyndymyz indiki aý Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyry üçin Eýrana gitmeli. Biz toparyň başynda ýene sizi görüp bilerismi? Dogrusy, türkmen janköýerleri siziň ýolbaşçylygyňyzdaky milli ýygyndymyzyň geljeginiň has parlak boljakdygyna ynanýar.

- Ynam üçin men ähli janköýerlerimize hoşallyk bildirýärin. Ýöne mundan beýläk işimi dowam etjegim ýa etmejegim entek çözülenok. Biz bu barada ýaryşdan soň Türkmenistanyň futbol federasiýasy bilen maslahatlaşarys. Ýöne men başynda kim gitse-de, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň toparçadan üstünlik bilen çykyp, Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanjakdygyna ynanýaryn.

- Jenap Nakamura, hem žurnalist, hem milli ýygyndymyzyň janköýeri hökman size şuny aýtmagy borjumyz hasaplaýarys: siziň tejribäňiz türkmen futzalynyň ep-esli derejede ösmegine getirdi. Biz Aşgabatda öz futzal toparymyza guwandyk. Türkmen ýigitleriniň Aziýanyň iň güýçli toparlary bilen deňeçer oýnap, olaryň käbirini bolsa utup bilýändigini görmek bize ýakymly. Köp sag boluň! Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi hökmünde siziň bilen geljekde-de söhbetdeş bolmak nesip etsin!

- Sag boluň! Men türkmenistanly janköýerlere çäksiz hoşallyk bildirýärin. Futzal, hakykatdan-da, gyzykly oýun. Ýöne onuň şu Aziadanyň iň gyzykly ýaryşlarynyň biri bolmagy ilkinji nobatda janköýerlerimiziň hyzmaty. Elbetde, biz öňde goýan esasy maksadymyza – medala ýetip bilmedik. Munuň üçin öz adymdan we tutuş toparyň adyndan ötünç soraýaryn. Ýöne olar özlerinde şeýle milli ýygyndynyň bardygyna guwanyp bilerler. Futzalda maksatlara ýetmek üçin wagt köpräk gerek. Bir gün türkmen janköýerleri Aziýa ýa dünýä çempiony bolan ildeşlerine guwanarlar.

Maňa Türkmenistanda işlemäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine we berlen ähli goldaw üçin Türkmenistanyň futbol federasiýasyna hoşallyk bildirýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň