Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanyň futzal ýygyndysynyň baş tälimçisi: "Gazanan ýeňşimize ynanmadym"

14:4824.09.2017
0
2115

Ykbaly jerime urgularynyň netijesinde çözülen we futzla boýunça erkekler ýygyndymyzyň ýaryş bilen çärýek finalda hoşlaşmaly bola Türkmenistan – Owganystan duşuşygyndan soňra, Owganystanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Abdul Razak Momrak “Turkmenportalyň” habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

- Bize Owganystanyň milli ýygyndysynyň şu ýaryşdaky garaşylmadyk güýçli topardygyny aýdýarlar. Muny eşitmek biziň üçin hem ýäkymly. Ýöne men şu gün şu ýaryşa gatnaşýan hiç bir ýygyndynyň hem türkmen futzalçylaryndan beýle ajaýyp oýna garaşmandygyny ynamly aýdyp biljek. Toparçalarda olar hakyky gudrat görkezileri. Türkmen futzalçylary özleriniň “garaşylmadyk topar” däl-de, beýik topardygyny subut etdiler. Biz özümiz üçin iň kyn duşuşyk Özbegistanyň ýygyndysy bilen geçiriljek oýun bolar öýdýärdik. Ýöne bu günki oýnumyz has kyn we final derejesinde dartgynly boldy. Belki ýaryşda medal alarys ýa almarys, ony bilemok, ýöne juda kyn düşen şu ýeňşimiz owgan janköýerlerini edil medal alan ýaly begendirse gerek.

- Hakykatdan-da, geçen oýunlarda toparçadan hem çykyp bilmedik owgan futzalçylarynyň bu üstünlgiiniň syry nämede?

­- Soňky ýyllarda Owganystanyň hökümeti tarapyndan futbolyň we futzalyň ösdürilmegi üçin uly aladalaryň edilýändiginden habaryňyz bardyr. Biz soňky iki ýylyň içinde saýlama tapgyrlarda hem, ýoldaşlyk duşuşyklarynda hem oýun baryny geçirdik. Ýeňsegem, ýeňilsegem, olaryň her biri bizi taplady we oýunçylarymyza tejribe berdi. Biziň Aşgabat Aziadasyndaky üstünligimiziň esasy syry şunda. Ynanyň, şu oýunda ýeňiş gazananymyza özümizem ynanyp bilemzok. Oýun pursatynda biziň derwezämize dört sany jerime urgusy bellenildi, ählisinden hem aman-sag sypdyk. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öz janköýerlerinden alýan goldawam ajaýypdy. Olar özlerinde şeýle janköýerleriň bardygyna guwanyp bilerler.

Baş tälimçi sözüniň soňunda çäksiz myhmansöýerlik üçin türkmen halkyna we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň