Irlandiýadiýanyň teswiçisi William Dawning: Aşgabatdaky ýaryşlara syn bermek meniň üçin ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi

14:1524.09.2017
0
1092

Men William Dawning, Irlandiýadan. Maňa Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdaky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna teswirçi bolup gatnaşmak miýesser etdi.

Men 3 günläp dowam eden ýeňil atletika ýaryşlaryna türkmenistanly ýaş gyz Merjen Bekiýewa bilen bilelikde syn berdim. Bu ajaýyp şäherde ýaryşlara syn berenime men örän şat. Şol pursatlar meniň hiç haçan ýadymdan çykmaz.

Meniň üçin taryhy pursatlaryň biri boldy. Bizi diýseň gowy garşy aldylar. Pursat boldugyndan gözel şäherinize aýlandym. Aşgabat diýseň arassa we giň köçeleri bar. Mermer bürenen şäheriň ymaratlary meni haýrana goýdy. Olimpiýa şäherçesi hem diýseň owadan we täsin galdyryjy. Men birnäçe ýurtda geçirilen halkara  ýaryşlara gatnaşdym. Olimpiýa oýunlarynda teswirleýiji bolup işledim. Ýöne şolaryň hiç birinde Aşgabatdaky ýaly Olimpiýa şäherçesine gabat gelmedim. Sebäbi bu şäherçede ähli desga diýen ýaly bir ýerde, golaý aralykda ýerleşýär. Bulam biziňem, türgenleriňem işini hasam ýeňilleşdirýär.

Men ýene-de Aşgabatda geçiriljek ýaryşlara gatnaşmak isleýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň