Seýdi Batyrow Aşgabat Aziadasyndaky çykyşlaryny 6 altyn medal bilen sylaglady

22:1123.09.2017
0
20744

Ozalky habarlarymyzyň birinde-de nygtaýşymyz ýaly, guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça milli ýygyndymyzyň wekili Seýdi Batyrow Aşgabat Aziadasynda 5 medal gazanypdy. Şolaryň ählisiniň altyn medaldygyny hem habar beripdik. Guşakly göreş boýunça ýaryşlaryň ahyrky gününde bolsa pälwan ýigit 6-njy altyn medalyny hem gazanyp, diňe bir şu ýaryşyň däl, eýsem, dünýä sportunyň taryhynda hem örän seýrek gabat gelýän netijeleriň birinji gazandy. Ýaryşyň jemleýji gününde özbegistanly pälwan Islomjon Kuldaşew bilen göreşen S.Batyrow garşydaşyndan 8:0 hasabynda üstün çykyp, 6-njy altyn medalyny gazandy we bu ýaryşyň taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň