Soňky habarlar

Arhiw

Zuhra Madraimowa "Aşgabat 2017" oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 70-nji altyn medalyny gazandy

20:4923.09.2017
0
13965

Guşakly göreşiň alyş-göreş görnüşi boýunça ýeňişli basgançagy eýelän, ýagny bu gün “Aşgabat 2017” oýunlarynyň dowamynda altyn medalyny bäşe tegelän we şol sanda-da, Aşgabat Aziadasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda ýetmişinji altyn medalyny gazanmagy başaran Zuhra Madraimowa bilen söhbetdeşlik.

–       Ýeňşiňiz gutly bolsun, Zuhra. Elbet-de, size özbegistanly garşydaşyňyzdan rüstem gelmek aňsat düşen däl bolsa gerek?

–       Her bir türgen üçin, diňe bir göreşde däl, eýse islendik bäsleşikde hem üstünlige eýe bolmak aňsat däldir. Umuman, aňsatlyk bilen üstünlik düşünjesi bir galyba ýerleşenok.

–        Medal gowşurylyşyk pursatynda mähriban käbäňiziň sizi mähir bilen gujaklamasy hemmäniň ünsüni özünde jemläpdi. Şol wagt siz nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

–       Aslynda meniň ýeňiş gazanmagyma ejemiň, kakamyň, ýakynlarymyň goldawy sebäp boldy. Iň bolman her gezekki tutluşygymda ene-atamyň maňa bildiren ynamy, aýdan sözleri hakydamda janlanyp, has-da ruhlanýaryn.

–       Onda siziň dünýäňizde tälim beren ussadyňyzyň orny başgaçadyr?

–       Maksat Nasyrowa, Setdarberdi Rejepberdiýewe hormatym uludyr. Olar milli ýygyndynyň islendik bir türgeniniň üstünlik gazanmagy üçin irginsiz zähmet çekýärler.

–        Her bir türgende bolşy ýaly, belki tutluşykdan öň sizde-de bir ynanç bolýandyr?

–       Ynanç barada aýtsam-a, men has ýoň bolan adata ynanýaryn. Has takygy, göreş meýdançasyna sag aýak bilen geçmek, eýýäm ol on ýedi ýylky endigim. Işlerimiň şowly bolmagy hem şoňa bagly ýaly.

–       Heniz-henizler göreşden üzňeleşme niýetiňiz-ä ýokdur, ýa bökdeýän şahsy meseleriňiz barmy?

–       Janym sag gezip ýörsem-ä, bir başyny başlan ugrumdan el çekmek häsiýetim ýok. Şahsy durmuşym bilen bagly meseleler bolsa, üstünlige ýetmegim üçin böwet bolanok.

–       Zuhra, sapaly söhbetiň astynda beren gürrüňleriňz üçin sag boluň! Size elmydama üstünlik arzuw edýäris!

- Sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň